Iň täze habarlar

Türkiýäniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriniň sany 22-ä ýetdi

24.07.2025 | 11:21 |
 Türkiýäniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriniň sany 22-ä ýetdi

2025-nji ýylyň 6–16-njy iýuly aralygynda Parižde geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy baradaky Komitetiniň 47-nji sessiýasynyň dowamynda Türkiýe resmi taýdan öz 22-nji miras ýadygärligini hasaba aldy. Ol Manisa welaýatynda ýerleşýän “Gadymy Sardes şäheri we Bintepelerdäki Lidiýa depeleridir”.

Sardes şäheri b.e.ö. VIII–VI asyrlarda Lidiýa patyşalygynyň paýtagty bolup, Demir asyrynyň ilkinji döwleti hökmünde bu sebitiň güýçli syýasy merkezine öwrüldi. Lidiýalylar metall pulunyň oýlap tapyjylary hökmünde tanalýar, olar öz baýlygy we özboluşly medeni jemgyýet gurluşy bilen meşhurdyr.

Paktol derýasynda ýerleşýän altyn känleri sebäpli bu sebit Kiçi Aziýanyň iň baý ýerleriniň biri hökmünde tanalypdyr. Sardes şäheri üç esasy bölümden ybarat: akropol, berkidilen merkezi we gabadyndaky ýaşaýyş ýerleri bilen mazar depeleri.

Şäheriň ýokarky bölegi uly diwarlardan we basgançakly terasalardan ybarat, aşaky böleginde bolsa çig kerpiçden gurlan jaýlar, gaýa mazarlary we altyn arassalaýyş ussahanasy ýerleşýär.

Sardesiň demirgazygynda ýerleşýän Bintepeler nekropoly 75 inedördül kilometre golaý meýdany eýeleýär we 119-dan gowrak mazar depelerini özünde jemläp, dünýäniň iň uly mazar toplumlarynyň biri hasaplanýar. ÝUNESKO-nyň ölçeglerine görä, bu ýadygärlik aýratyn medeni gymmatlyga eýe bolup, Lidiýa siwilizasiýasynyň özboluşlylygyny — binagärligini, dinini we jemgyýet gurluşyny şöhlelendirýär.

Sardes antiki dünýäniň iň uly sinagoglarynyň biri bilen meşhur bolup, Apokalipsis döwrüniň ýedi ybadathanasynyň biri hökmünde tanalýar. Häzirki wagtda Sardes we Bintepelerde arheologik gazuw-agtaryş işleri we taryhy mirasy goramak boýunça taslamalar alnyp barylýar.

“Ýyldyzlaryň astyndaky muzeý” maksatnamasynyň çäklerinde Sardes, agşam gezelenç üçin açylan Türkiýäniň 27 taryhy ýadygärliginiň hataryna girýär. Bu bolsa syýahatçylara gadymy harabalary üýtgeşik ýagtylykda synlamak üçin gaýtalanmajak mümkinçilik berýär.

ORIENT

Foto: tga.tr

Şeýle hem okaň: