Iň täze habarlar

TON Foundation Toncoin eýelerine BAE-niň “altyn wiza” maksatnamasyny işe girizdi

07.07.2025 | 19:30 |
 TON Foundation Toncoin eýelerine BAE-niň “altyn wiza” maksatnamasyny işe girizdi

TON Foundation Toncoin kriptowalýutasynyň eýelerine Birleşen Arap Emirliklerinde on ýyllyk “altyn wiza” almak mümkinçiligini döredýän täze maksatnamanyň işe girizilendigini yglan etdi. Bu başlangyç, BAE rezidentligini almagyň emläk ýa-da işewürlik arkaly azyndan $540 müň maýa goýum talap edýän adaty usullarynyñ alternatiw görnüşi bolup durýar.

Wiza almak üçin dalaşgärler üç ýyl möhlet bilen $100 müň möçberinde Toncoin goýum etmeli we $35 müň komissiýa tölemeli. Resminamalary resmileşdirmek işi takmynan ýedi hepde dowam edýär. Alnan wiza diňe bir maýadara däl, eýsem onuň ýanýoldaşyna, çagalaryna we ene-atasyna hem degişli bolýar.

Maksatnamanyň işe girizilmegi baradaky habar bazarda dessine täsir etdi: Toncoin bahasy derrew 12% ýokarlanyp, $3-den geçdi. Bellenilmegine görä, TON (Telegram Open Network) blokçein platformasy ilkibaşda Telegram messenjeri topary tarapyndan işlenip düzüldi. 2023-nji ýylyň sentýabrynda TON Wallet kriptobukjasy Telegram bilen integrirlenenden soň we platforma Pawel Durowsuz işe girizilenden soň, Toncoin maýalaşdyrma boýunça ilkinji on sany iri kriptowalýuta sanawyna girdi. 2025-nji ýylyň başynda Durow TON-nyň Telegram üçin eksklýuziw blokçein hyzmatdaşyna öwrüljekdigini tassyklady. Mundan başga-da, iýun aýynda Durow TON blokçeiniň NFT söwda möçberi boýunça Ethereumdan soň ikinji ýerde durýandygyny aýtdy, bu bolsa onuň çalt ösüşiniň we kabul edilmeginiň subutnamasydyr.

ORIENT

Foto: Warren Little / Getty Images

Şeýle hem okaň: