Howa hünärmenleri hepdäniñ iň yssy gününiñ haçan boljagyny aýtdylar
08.07.2025 | 17:03 |Şu hepde Türkmenistanda yssy howa saklanyp galar, howa hünärmenleriniñ çaklamalaryna görä bolsa, iň ýokary yssylyk hepdäniň ortasy — çarşenbe gününe düşer.
Şeýlelikde, çarşenbe güni Balkan welaýatynda howanyň temperaturasynyň +36…+41° aralygyna çenli ýokarlanmagyna garaşylýar, kenarýaka sebitlerde bolsa +29…+34° çenli bolar. Ahal welaýatynda +38…+43°, Mary we Lebap welaýatlarynda bolsa +37…+42° çenli gyzmagyna garaşylýar.
Hepdäniň ahyryna çenli howada uly üýtgeşmeler bolmaz diýlip çaklanylýar: ýurdumyzyñ köp ýerinde howanyň derejesi takmynan +40° töwereginde bolar, Lebap welaýatynyň käbir sebitlerinde bolsa +44° çenli ýetmegi mümkin. Meteožurnal-yñ habar berşi ýaly, şeýle howa ýagdaýy birnäçe günläp dowam edip biler.
ORIENT