Iň täze habarlar

Türkmenistanyň DIM-de Sebitleýin ekologiýa merkezi bilen özara hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

26.06.2025 | 23:45 |
 Türkmenistanyň DIM-de Sebitleýin ekologiýa merkezi bilen özara hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň DIM-de ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) täze bellenen Ýerine ýetiriji direktory Batyr Mamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Dialogda daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy bilelikdäki tagallalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna, Kioto teswirnamasyna we Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, Türkmenistanyň öz üstüne alan ähli borçnamalaryny doly ýerine ýetirýändigi aýratyn nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garadylar we Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

turkmenistan-i-recca (2).jpg

CAREC Taslama Ofisiniň Türkmenistandaky işjeň we netijeli işi aýratyn bellendi. Onuň alyp barýan işleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tebigaty goramak we suw boýunça pudak edaralarynyň arasynda sebitleýin dialoga goşant goşýar.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen CAREC-iň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler. Munuň özi bolsa umumy ekologiýa meselelerini çözmekde has ýakyn hyzmatdaşlyga ýol açýar.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: