Sanlylaşdyrmak we “AI” Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň hereketlendirijisi
13.06.2025 | 17:15 |Bişkek, 13-nji iýun | ORIENT. Bişkekdäki öz işini tamamlan Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýanyň analitik merkezleriniň II forumynyň çäginde döwrümiziň esasy çagyryşlaryna we durnukly ösüş strategiýalaryna aýratyn üns berildi. Energiýanyň durnuklylygyny, howanyň üýtgemegini we logistikany öz içine alýan giň gün tertibiniň arasynda, sanly üýtgeşmelere we emeli aňa bagyşlanan has depginli we ulaltmazdan, geljegi kesgitleýji sessiýalar boldy. Bu tema häzirki wagtda ählumumy ösüşiň ugurlaryny kesgitleýär, ykdysady modelleri üýtgedýär, täze bazarlary döredýär we biziň zähmete bolan, çeşmeleri dolandyrmak we karar bermek baradaky çemeleşmelerimizi üýtgedýär.
Zalyň atmosferasy janly pikirlerden, açyk soraglardan we batyrgaý çaklamalardan doludy. Moderator pikirleriň akymyny ussatlyk bilen dolandyrdy, netijeli pikir alyşmalara we sebit maksatlyklaryny görkezmek üçin giňişlik döretdi.
Çykyş edenleriň arasynda sanly dünýäde we döwlet dolandyryşynda täsirli hünärmenler – Koreýanyň Milli IT senagatyny ösdürmek agentliginiň wise-prezidenti Won Sang Hodan başlap, Bişkegiň häkimliginiň Sanly tehnologiýa merkezinden Çingiz Jumagulow we Gyrgyz Respublikasynyň Ylym, ýokary bilim we innowasiýa ministrliginden Güljigit Toktoşow ýaly ýerli bilermenlere çenli bar. Gyrgyz Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Pawel Pankowyň çykyşynyň akademiki agramy, onuň hasaplaýyş matematikasy baradaky pikirleri arkaly çuňňur ylmy mazmun bilen utgaşyp, çekişmäniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Merkezi Aziýanyň Halkara institutyndan bilermenler, wirtual aktiwleriň assosiasiýalarynyň wekilleri, şeýle hem Koreýanyň Hökümetiniň Sanly meýdançalar býurosyndan Kim Çan Wu – her biri şu wagtdan başlaýan geljegiň janly we köpugurly keşbini döretmäge öz mynasyp goşandyny goşdy.
Bu çalt üýtgeýän şertlerde, Türkmenistanyň hem içine alýan Merkezi Aziýa sebitine tehnologik taýdan ösen ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga daýanyp, ösüşde hil taýdan taryhy bir bökdençsiz öňe gitmek üçin aýratyn bir mümkinçilik döredilýär. Elbetde, şübhesiz, şeýle çalşyryp bolmajak hyzmatdaşlaryň biri — sanly tehnologiýalar, emeli aň we senagat awtomatlaşdyrylyşy babatynda dünýä derejesinde ykrar edilen öňdebaryjy ýurt bolan Koreýa Respublikasydyr. Bu ugurda bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzyň mükinçiligine hakykatdanam baha bermek kyn, sebäbi täze sanly eýýamyň bosagasynda durýarys.
Sanly üýtgeşmeler we emeli aň tehnologiýalary häzirki döwürde – bu diňe bir adalga däl. Olar sözüň giň manysynda dünýäniň umumy keşbini düýpgöter täzeden şekillendirýärler, ykdysady paradigmalary üýtgedýärler, täze bazarlary döredýärler we biziň zähmete, logistika, çeşmeleri dolandyrmak we karar bermek baradaky çemeleşmämizi düýpgöter üýtgedýärler.
Biziň sebitimizdäki ýurtlar eýýäm hemme zady öz içine alýan milli sanlaşdyrma strategiýalaryny işjeň durmuşa geçirýärler: döwlet dolandyryşyndan we elektron söwdasyndan başlap maliýe tehnologiýalaryna, saglygy goraýyşda IT çözgütlerini ornaşdyrmaga, bilim, oba hojalygy ugurlaryna we, elbetde, emeli aňy düzgünleşdirmek we ornaşdyrmak çemeleşmeleriniň emele getirilmegine çenli. Türkmenistanda sanly ykdysadyýete geçmegiň ugry iň ýokary derejede tassyklandy. Biz öz milli programma üpjünçiligimizi döretmek, internet infrastrukturasyny ösdürmek, elektron dokument dolanyşygyny ornaşdyrmak, IT parklaryny ösdürmek we häzirki zaman maglumat merkezlerini döretmek boýunça işjeň işleri alyp barýarys. Bu maksatnamalaýyn ädimleriň ählisi netijeli tehnologik hyzmatdaşlyk üçin berk binýat döredýär.
“Smart Korea” strategiýasy boýunça sanly ösüşiň ajaýyp mysaly bilen Günorta Koreýa biziň üçin nusgalykdyr. Akylly şäherleri döretmek, 5G we EA infrastrukturasyny giň gerimde ösdürmek, başlangyç ekoulgamlary goldamak we senagat, logistika, bilim we döwlet dolandyryşynda sanly çözgütleri durmuşa geçirmekdäki tejribeleri – bu diňe bir waklaryň toplumy däl, bu durmuş-ykdysady, howa we demografiki aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, Merkezi Aziýanyň şertlerine uýgunlaşdyrylyp bilinjek taýýar çemeleşmeledir. Häzirki wagtda Koreýa Respublikasy “KOICA” we “KOTRA” ýaly guramalaryň bilim we tehniki maksatnamalary arkaly sebitimiz bilen işjeň gatnaşýar we bu gymmatly tejribe hyzmatdaşlygymyzy has-da giňeltmek üçin berk esas bolup hyzmat edýär.
Amaly hyzmatdaşlygyň ugurlary barada aýdanymda, bilelikdäki ylmy-barlag we emeli aň merkezlerini döretmekde uly geljegiň bardygyny belläsim gelýär. Bu bize diňe bir ýerli emeli aň çözgütlerini ösdürmäge däl-de, eýsem “AI”, “big data”, “IoT” we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga hem mümkinçilik berer. Senagat pudagynyň, esasanam nebit-gaz pudagynyň sanlylaşdyrylmagy hem az ähmiýetli däl, sebäbi emeli aňyň ornaşdyrylmagy çaklamalardan başlap howpsuzlygyň üpjün edilmegine çenli netijeliligi ýokarlandyryp biler. Sanly hasaplaşykly we energiýa tygşytlaýjy algoritmli bilen “akylly energetika” — bu uzak geljek däl, bu şu günki gün üçin zerurlykdyr.
Sanly oba hojalygy aýratyn orun eýeleýär. Hasyllylygy ýokarlandyrmak we suwdan durnukly peýdalanmak üçin dronlaryň, datçikleriň we emeli aňl analitikanyň ulanylmagy, şeýle hem gurak şertlere uýgunlaşyp bilýän “akylly” agroplatformalaryň” ösdürilmegi sebit üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Elbetde, bilim we saglygy goraýyş hem aýratyn ähmiýete eýedir. Onlaýn okuwyň, telemedisinanyň, lukmançylyk maglumat binýadynyň ulanylmagy — bularyň ählisi ygtybarly sanly çözgütleri talap edýär we Koreýa Respublikasy bolsa bu ugurlarda öňdebaryjy tehnologiýalara hem-de usullara eýedir, biz hem olary özleşdirmäge taýýardyrys.
Sanlylaşdyrma – bu diňe bir tehnologiýalaryň toplumy däl; bu durnukly ykdysady ösüşiň, bäsdeşlige ukyplylygyň we çeýeligiň binýadydyr. Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sanlylaşdyrma diňe bir dünýä ykdysadyýetine goşulmagyň açary bolman, eýsem onuň öň hatarynda orun almak üçin mümkinçilikdir. Akylly önümçiligi we IT-infrastrukturany ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen sanly senagatda, emeli aň çözgütlerini, telekommunikasiýa we iň esasysy bolsa hünärmenlaeri taýýarlama boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge taýýardyr.
Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk — bu sebitiň täze sanly ykdysadyýeti üçin güýçli itergi berip biljek hakyky strategik hyzmatdaşlykdyr. Bilelikdäki taslamalar, institusional goldaw we tehnologik hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa üçin geljekki sanly dünýäde aýrylmaz orun üpjün edip biler.
Geljek batyrgaý kararlary talap edýär we Merkezi Aziýa bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky dialog hemmämiziň alyp barýan ösüşimiziň hakyky itergi berijisine öwrülip biler.
Bekdurdy AMANSARYÝEW,
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi