Iň täze habarlar

Aşgabatda "Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa" atly halkara maslahaty geçirildi

13.06.2025 | 08:30 |
 Aşgabatda "Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa" atly halkara maslahaty geçirildi

Paýtagtymyzyñ "Ýyldyz" myhmanhanasynda "Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa" atly halkara maslahaty geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ bilermenleri, BMG-niñ, halkara guramalaryñ we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ wekilleri gatnaşdy. Gatnaşyjylaryñ käbirleri göni aragatnaşyk arkaly goşulşdylar.

Türkmenistanyñ Döwlet migrasiýa gullugynyñ resmi wekili Türkmenistanyñ başlangyjy bilen BMG-niñ Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edendigi barada ýatlatdy. 86 döwletiñ awtordaşlygynda taýýarlanan bu Kararnama biragyzdan kabul edildi.

1

Maslahatyñ gün tertibinde migrasiýa işiniñ sanlylaşdyrylmagy, şahsyýetiñ identifikasiýasy, ekologiýa kanunçylygynyñ migrasiýa ýetirýän täsiri, raýatsyzlyga garşy göreş we sebit hyzmatdaşlygynyñ pugtalandyrylmagy ýaly temalar bardy. BMG-niñ esasy konwensiýalaryna goşulşan hem-de olary özüniñ milli kanunçulygyna ornaşdyran Türkmenistanyñ tagallalaryna aýratyn üns berildi.

2024-nji ýylyñ noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Raýatsyzlyk meseleleri boýunça ministrler duşuşygy barada aýratyn nygtaldy. Şeýle hem, gatnaşyjylar häzirki zaman tehnologiýalaryñ ornaşdyrylmagy we sanly çözgütleriñ ulanylmagy bilen migrasiýa hyzmatlarynyñ hiliniñ ýokarlandyrylmagy barada maslahatlaşdylar.

Maslahat Türkmenistanyñ migrasiýa syýasatynda ynsanperwer çemeleşmesine ygrarlylygynyñ hem-de ýurdumyzyñ halkara dialogyndaky işjeñ ornunyñ subutnamasy boldy.

ORIENT

Foto: migration.gov.tm

Şeýle hem okaň: