Iň täze habarlar

Päkistan Türkmenistanyň üsti bilen Russiýa ilkinji ýük demirýol ugruny açýar

12.06.2025 | 16:50 |
 Päkistan Türkmenistanyň üsti bilen Russiýa ilkinji ýük demirýol ugruny açýar

Päkistan Russiýa ilkinji ýük demirýol ugruny 22-nji iýunda açar, diýlip sişenbe güni metbugat maslahatynda ýurduň demirýol ministri Muhammad Hanif Abbasi tarapyndan habar berildi. Otly Lahordan ugrar.

Taslama Pakistanyň demirýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we logistika amallaryny giňeltmek başlangyjynyň bir bölegi bolup durýar. Abbasiň sözlerine görä, bu taslama premýer-ministr Şahbaz Şarifiň Özbegistany we Gazagystany hem öz içine alýan Merkezi Aziýa bilen integrasiýa boýunça garaýşy bilen gabat gelýär.

— Biz diňe bir demir ýoly gurmaýarys, biz ykdysady geçelgäni gurýarys — diýip, ministr nygtady.

Bu ugur "Demirgazyk-Günorta" Halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça geçip, Päkistany Eýran, Türkmenistan, Gazagystan we Günorta Russiýa bilen birleşdirer. Ýoluň dowamlylygy 20–25 gün bolar diýip garaşylýar.

Otly Päkistanyň çäklerinde 2001 kilometr ýol geçip, Eýran bilen serhetde ýerleşýän Zahedan şäherine ýeter. Ol ýerde seplem ölçegleriniň üýtgemegi sebäpli ýükler gaýtadan ýükleniler. Soňra ýol Türkmenistanyň Sarahs şäherinden, Gazagystanyň Bolaşak we Atyrau şäherlerinden geçip, Russiýanyň Astrahan şäherinde tamamlanar.

Resmi maglumatlara görä, ilkinji tapgyrda 15–16 TEU (standart konteýner) töweregi, takmynan 500 tonna ýük ugradylar. Geljekde nyrhlar tassyklanan ýagdaýynda daşalýan ýük mukdarynyň 31 TEU çenli artdyrylmagy meýilleşdirilýär.

Päkistan Russiýa deri önümlerini, lukmançylyk enjamlaryny we dokma önümlerini eksport edýär, şol bir wagtda bu ýurtdan bugdaýy, dökünleri, guradylan gök önümleri we nebit önümlerini import edýär. Göni demirýol ugrunyñ iki ýurduň arasyndaky söwdany ep-esli derejede güýçlendirjekdigine garaşylýar.

ORIENT

Foto: baltictransportjournal.com

Şeýle hem okaň: