Iň täze habarlar

Türkmen-mongol dialogynyň täze gurluşyny emele getirýän sapar

02.06.2025 | 21:05 |
 Türkmen-mongol dialogynyň täze gurluşyny emele getirýän sapar

Ulan-Bator, 2-nji iýun | ORIENT. Häzirki wagtda taryhy gatnaşyklary gadymy döwürlerden gözbaş alýan iki ýurduň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga möhüm ädim ädildi (Raşid ad-Din.Ýyl ýazgylar ýygyndysy).

Döwlet saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň ýolbaşçylyklarynyň arasynda möhüm gepleşikler geçirildi. Bu duşuşyklar diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylmagyny dowam etdirmek bilen çäklenmän, strategiki hyzmatdaşlygyň ösüşiniň täze tapgyryny hem alamatlandyrdy.

Saparyň aýratyn derejesi – döwlet sapary – dialogyň ýokary derejede ynamyna we syýasy ähmiýetine şaýatlyk edýär. Döwlet sapary diplomatik gatnaşyklaryň iň ýokary görnüşidir we onuň saýlanmagy taraplaryň gatnaşyklara diňe simwoliki däl, eýsem mazmun taýdan çuňlaşdyrmak maksadyny hem görkezýär.

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça geçirilen bu saparyň dowamynda, syýasy – diplomatik we ykdysady gatnaşyklardan başlap, ylym, bilim we medeniýete çenli dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin özara taýýarlyk tassyklandy.

Aýdylanlaryň üstüni ýetirmek üçin bellemek ýerlikli bolar: Türkmenistanyň Prezidenti taraplaryň toplan tejribesiniň we özara gyzyklanmasynyň özara peýdaly başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin berk binýady döredýändigini belledi.

Duşuşyklaryň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna minnetdarlyk sözleri beýan edildi we mähirli salamy ýetirildi.

Mongoliýanyň Baştutanynyň 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň we onuň çäginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmagynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Saparyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň milli parlamentiň ýolbaşçysy – Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşmagy maksatnamanyň möhüm bölegi boldy.

Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň parahatçylykly we konstruktiw daşary syýasatyna ýokary baha berdi we parlamentara gatnaşyklarynyň iň ýokary derejede dialogynyň pugtalandyrylmagynyň netijesinde goşmaça ösüşe eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Strategiki, ykdysady we ynsanperwer ugurlary öz içine alýan onlarça ylalaşyklardan ybarat bolan täsirli resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi saparyň esasy netijeleri boldy.

Resminamalaryň geriminiň we tematiki giňliginiň özi – döwletara gatnaşyklaryndan muzeýara hyzmatdaşlyga çenli – ikitaraplaýyn gün tertibini döretmekdäki bitewüligi we oýlanyşykly çemeleşmäni şöhlelendirýär.

Resminamalarda görkezilen esasy ugurlara üns berilse, olaryň saýlanyşynda toplumlaýyn çemeleşmeşilendigi derrew göze ilýär.

Şeýlelik bilen, Bilelikdäki toparyň döredilmegi, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasynyň tassyklanmagy we Bilelikdäki Beýannama gol çekilmegi yzygiderli syýasy we amaly gatnaşyklar üçin durnukly çarçuwany döredýär.

Amaly ykdysady ugra aýratyn ünsüň berilmegi taraplaryň söwdany, kiçi we orta telekeçiligi, logistika, oba hojalygyny hem-de önümleri gaýtadan işlemegi ösdürmäge bolan gyzyklanmasyny görkezýär. Bu ugra degişli birnäçe resminamalar hyzmatdaşlygyň anyk ykdysady netijeliligine gönükdirilendigini tassyklaýar.

Bilim, ylym, saglygy goraýyş, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, muzeýler we akademiki alyş-çalyşlar baradaky ylalaşyklaryň giň topary “ýumşak güýjiň” ornuny nygtaýar we durnukly özara düşünişmek gurşawyny döredýär. Şeýle hem gepleşikleriň tapgyrynyň ynsanperwer ugurlaryň baý mazmunlydygy şu ýerde aýratyn duýulýar.

Uniwersitetleriň, ylmy-barlag institutlarynyň we şäherleriň arasyndaky Ähtnamalar protokol çäklerinden daşarda hyzmatdaşlygy alyp, jemgyýetçilik diplomatiýasy we “gorizontal” aragatnaşyklar diýlip atlandyrylýan başlangyçlary janly alyş-çalyş etmek üçin esas döredýär.

Hatda gol çekilen resminamalara göz aýlamak bilen iki tarapyň hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürilmegine ulgamlaýyn çemeleşýändigini tassyklaýar.

Netijede, Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň subutnamasy bolman, eýsem olaryň ösüşinde täze sahypany açan waka bolandygyny görkezýär.

Gol çekilen resminamalar syýasy we diplomatik taýdan ýakynlaşmagy hem-de umumy bähbitleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini üpjün edýän öňümizdäki ýyllar üçin strategiki ýol kartasyny düzýär.

Şeýle hem birek-birege hormat goýmak we umumy ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy hasam çuňlaşdyrmak üçin berk esasy döredýär.

Şu günki dialog – diňe protokol taýdan beýannamalar alyş-çalşygy bolman, eýsem, gatnaşyklaryň kämillik derejesine, bilelikde geljege taýýarlygyň we özara ösmegiň subutnamasydyr.

Iki ýurtduň telekeçileriň gönüden-göni aragatnaşygy ýola goýup, azyk, oba hojalygy, dokma we trikotaž ugurlarynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga esas goýujy, işewürlik forumyny gurandygyny bellemelidiris.

Sapar bilelikdäki konsertiň geçirilmegi bilen tamamlandy. Konsert Opera we balet döwlet akademiki teatrynda Mongoliýanyň we Türkmenistanyň 80-den gowrak sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Indi bolsa, jemleme hökmünde däl-de, gepleşikleriň netijeliligini doly görkezmek maksady bilen, gol çekilen resminamalaryň mazmunyna we olaryň amaly ugurlaryna baha bermek bilen gysgaça syny hödürleýäris. Şeýlelik bilen:

1. Bilelikdäki beýannama taraplaryň strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky syýasy islegini tassyklaýar hem-de syýasat, ykdysadyýet, logistika we ynsanperwer ugurlarda özara bähbitleriň ileri tutulýandygyny aýratyn nygtaýar;

2. Bilelikdäki toparyň döredilmegi baradaky ylalaşyk söwda, ylym, oba hojalygy we bilim ýaly ugurlarda yzygiderli maslahatlaşmalary we hereketleriň utgaşdyrylmagyny üpjün edýär;

3. Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky esasy ylalaşyk taslamalary utgaşdyrmagyň, tejribe alyşmagyň we telekeçilik gatnaşyklaryny ösdürmegiň mehanizmlerini kesgitleýär;

4. Orta möhletli ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy (2026–2028) geljek üç ýylda söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta kärhanalara goldamak, maýa goýumlary we infrastrukturany ösdürmek üçin ädimleri kesgitleýär;

5. Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasy (2026–2027) daşary syýasaty utgaşdyrmagy güýçlendirýär hem-de geljek iki ýylyň dowamynda yzygiderli maglumat alyş-çalşygy amala aşyrmagy nazarda tutýar;

6. Ýeňil senagat babatda Ähtnama, esasanam dokma pudagynda tehnologiki hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri açýar;

7. Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk akademiki alyş-çalyş, diplomlary özara ykrar etmek we bilelikdäki ylmy barlaglar üçin şert döredýär;

8. Aşgabat şäheriniň we Ulan-Bator şäheriniň arasyndaky ylalaşyk şäher diplomatiýasyny we bilelikdäki şähergurluşyk başlangyçlaryny işjeňleşdirýär;

9. Ylymlar akademiýalarynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bilelikdäki ylmy barlaglar we ylmy tejribe alyş-çalşygy üçin ylmy meýdançany döredýär;

10. Milli muzeýleriň arasynda baglaşylan ylalaşyk, medeni mirasy gorap saklamaga we medeniýet ulgamy boýunça hünärmenleriniň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmaga ünsi jemleýär;

11. Teleradioýaýlymlar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk maglumat köprüsiniň emele gelmegine we bilelikdäki media mazmunynyň ösmegine ýardam edýär;

12. Milli uniwersitetleriň arasyndaky Ähtnama ylmy gözlegleri goşmak bilen akademiki we lukmançylyk hyzmatdaşlygyny ösdürýär;

13. Döwlet dolandyryşy we halkara gatnaşyklary ulgamynda ylalaşyk işgärleri taýýarlamaga we halkara temalarynda bilelikdäki taslamalara gönükdirilen;

14. Habarlar agentlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk habar alyş-çalşyny güýçlendirýär we professional media aragatnaşyklary üçin esas döredýär.

Şonuň üçin tassyklamaga bizde ähli esaslar bar: Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ulan-Batora amala aşyran saparynyň netijesinde türkmen-mongol hyzmatdaşlygynyň täze keşbi kemala gelip başlady.

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Foto: montsame.mn

Şeýle hem okaň: