Türkmenistan Merkezi Aziýa - Hindistan ministrleriniñ duşuşygyna gatnaşýar
05.06.2025 | 13:41 |5-6-njy iýunda Hindistanyñ paýtagtynda Merkezi Aziýanyñ bäş döwletiniñ daşary işler ministrleriñ gatnaşmagynda forum geçiriler.
Şu gün, 5-nji iýunda esasy waka - "Hindistan-Merkezi Aziýa" işewürlik forumy geçiriler. 2020-njy ýylda döredilen bu forum Hindistan bilen Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly Merkezi Aziýanyñ bäş ýurdunyñ arasynda söwda we maýa goýum hem-de ykdysady hyzmatdaşlygynyñ ösdürilmegi üçin esasy institusional platforma öwrüldi.
Forumyñ dowamynda söwda dolanyşygyny ösdürmegiñ, maýa goýumlary çekmegiñ hem-de sebitde ykdysady ösüşe we durnuklylyga ýardam berýän bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiñ ýollary ara alnyp maslahatlaşylar.
ORIENT