Tähranda YHG-niň ýurtlarynyň gümrük işlerini döwrebaplaşdyrmak we sanlaşdyrmak ara alnyp maslahatlaşyldy
29.05.2025 | 12:40 |Eýranyň paýtagtynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza ýurtlarynyň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 10-njy mejlisi geçirildi. Çäre on döwletiň, şol sanda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň wekilleri gatnaşdy. Eýranyň başlyklyk etmeginde utgaşykly görnüşde guralan bu çäre gümrük, söwda we ulag pudagyndaky sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm waka boldy diýip, TMMA “Howar” habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar YHG-niň komitetleriniň işine syn berdiler we 2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda Azerbaýjanyň Bakuw şäherinde geçirilen Geňeşiň 9-njy mejlisiniň netijelerini jemlediler. Gümrük amallaryny sanlaşdyrmak, üstaşyr amallaryny kämilleşdirmek, sebitleýin elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyny ösdürmek we agza ýurtlaryň gümrük edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly pudagyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. YHG-niň sekretariaty 10 sany agza döwletiň hemmesini öz içine alýan gümrük işini döwrebaplaşdyrmaga we sanlylaşdyrmaga gönükdirilen “YHG-niň garaýşy 2026-2035” strategiki resminamany hödürledi.
Sebit hyzmatdaşlygy meseleleri bilen bir hatarda Bütindünýä gümrük guramasy, Ýapon halkara hyzmatdaşlyk gullugy (JICA) we milli gümrük gullugynyň hünärmenleriniň mümkinçiliklerini berkitmäge hyzmat etjek beýleki hyzmatdaşlar ýaly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurlygyna köp üns berildi.
Mejlisiniň jemleri boýunça sebit söwdasyny ösdürmek, gümrük hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we YHG-niň sebitindäki amallaryň sanlylaşdyrylmagyna itergi bermek üçin strategiki binýady kesgitleýän Tähran Jarnamasy biragyzdan kabul edildi. Resminama gümrük tejribesini döwrebaplaşdyrmak we ykdysady integrasiýany çuňlaşdyrmak üçin esas döreder.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, agza döwletleriň arasynda ykdysady, tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin 1985-nji ýylda Eýran, Päkistan we Türkiýe tarapyndan döredilen hökümetara sebit guramasydyr. 1992-nji ýylda 7 sany täze agza – Owganystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly döwletleriň goşulmagy bilen bu guramyň düzümi giňeldi.
ORIENT