Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministri Belgiýada pudagyň enjamlaryny öndürýän dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasyna baryp gördi

29.05.2025 | 19:03 |
 Türkmenistanyň Dokma senagaty ministri Belgiýada pudagyň enjamlaryny öndürýän dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasyna baryp gördi

Türkmenistanyň dokma senagatyna wekilçilik edýän wekiliýet Belgiýa iş sapary bilen Ipr şäherine baryp gördi. Bu ýerde dokma maşyngurluşyk pudagynda dünýä öňdebaryjylaryna biri – “Picanol” kompaniýasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýär.

Dokma senagaty ministri Nurmuhammet Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet “Picanol” dokma enjamlarynyň satuwy boýunça direktory Toni Dekok bilen duşuşdy we ol kompaniýanyň taryhy hem-de ösüşi barada jikme-jik maglumat berdi.

1.JPG

Türkmen hünärmenleri “Picanol” kompaniýanyň dokma enjamlaryny işläp düzmekde ulanýan önümçilik işi, häzirki zaman tehnologiýalary we innowasiýa çözgütleri bilen tanyşdylar. Görkezilişde modellerine we maşynlary ýygnamak hem-de synagdan geçirilýän önümçilik ussahanalaryna aýratyn üns berildi.

“Picanol” kompaniýasy bilen Türkmenistanyň dokma kärhanalarynyň arasynda 20 ýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünlikli tejribesi bellendi. Türkmen hünärmenleri häzirki zaman senagat talaplaryna laýyk gelýän “Picanol” enjamlarynyň hiline, ygtybarlylygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň kärhanalarynda “Picanol” enjamlaryny işletmekde köp ýyllyk tejribe hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bolan gyzyklanmanyň esasyny döretdi.

2.JPG

Türkmen tarapy, önümçilik mümkinçiligini güýçlendirmek we türkmen dokma önümleriniň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen goşmaça dokma enjemlaryny satyn almaga we eýýäm ulanylýan enjamlary döwrebaplaşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi.

Gepleşikleriň dowamynda tehniki goldaw, hyzmaty goldamak we işgärleri taýýarlamak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

3.JPG

Bu sapar, Türkmenistan bilen Ýewropanyň öňdebaryjy öndürijileriniň arasynda senagat hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim hökmünde görülýär we ýurduň dokma senagatynyň durnukly ösüşi üçin täze geljegi açýar.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Şeýle hem okaň: