Iň täze habarlar

Türkmenistan bilen “Newsweek” halkara dialogy ösdürmekde hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

29.05.2025 | 16:10 |
 Türkmenistan bilen “Newsweek” halkara dialogy ösdürmekde hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda “Newsweek” halkara habarlar agentliginiň ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň direktory Lor Kreýn bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda möhüm ugurlarda we pudaklarda halkara dialogy giňeltmegi öz içine almak bilen strategiki gyzyklanmalary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň mümkin bolan formatlary we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Göz öňünde tutulýan hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň arasynda – strategiki seljeriş hasabatlaryny neşir etmek, ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen söhbetdeşlik guramak we “Newsweek” habarlar agentliginiň žurnalistleriniň Türkmenistanda geçirilýän halkara forumlara gatnaşmagy bar.

ABŞ-da esaslandyrylan “Newsweek” agentligi onlaýn neşir we çap formatlaryny birleşdirýän ählumumy multimedia ulgamydyr. Onuň auditoriýasy bir aýda 70 milliona çenli ulanyja çenli ýetýär. Neşir syýasatdan, ykdysadyýetden ylym we medeniýete çenli temalaryň giň toplumyny öz içine alýar.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Ženewadaky Ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Şeýle hem okaň: