Türkmenistanyň Prezidenti Leo XIV-i Rim Papasy hökmünde işe girişmegi bilen gutlady
20.05.2025 | 05:05 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Onuň Ruhany hezretleri Papa Leo XIV-ä Rim Papasy hökmünde işe girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutany gutlag hatynda Papa Leo XIV-niň bu wezipede adamzadyň ruhy gymmatlyklaryny, agzybirligi we parahatçylygy berkitmekde ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Papa Leo XIV-ä jogapkärli wezipede berk jan saglyk, üstünlikleri arzuw etdi.
Bu Türkmenistanyň dinleriň arasyndaky dialogy we ýurduň daşary syýasatynda esasy orny eýeleýän parahatçylygy berkitmek ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklaýar. Türkmenistan Watikany bu ugurda möhüm hyzmatdaş hökmünde görüp, halkara giňişliginde ählumumy gymmatlyklary we özara düşünişmegi wagyz etmegi işjeň goldaýar.
18-nji maýda Watikanda 267-nji Rim Papasynyň, Rimiň ýepiskopy Leo XIV-iň resmi taýdan işe girişmegi (intronizasiýa) mynasybetli dabara geçirildi.
Bir gün öň, 16-njy maýda Rim Papasy Leo XIV Watikandaky akkreditlenen diplomatik korpusyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Watikandaky Ilçisi Wepa Hajiýew gatnaşdy.
Robert Frensis Prewost, ozalky Rim Papasy Fransisk aradan çykanyndan soň maý aýynyň başynda Rim Papasy hökmünde saýlandy we Leo XIV adyny aldy.
ORIENT