Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly gepleşigi geçirdiler

09.05.2025 | 01:55 |
 Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly gepleşigi geçirdiler

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Jeýhun Baýramow 8-nji maýda telefon arkaly gepleşigi geçirdiler.

Diplomatlar häzirki gün tertibinde bar bolan iki ýurduň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler iki halkyň arasynda taryh boýunça emele gelip, däbe öwrülen dostlukly we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk aragatnaşygyň esasynda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde döwlet Baştutanlaryň derejesinde syýasy dialogyň, ikitaraplaýyn saparlaryň amala aşyrylmagynyň, şeýle hem daşary işler ministrlikler ugrunda geňeşmeleriň wajyplygy barada bellenildi.

Şeýle hem, ministrler sebit howpsuzlygy, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk we Hazar deňzi meseleleri barada maslahatlaşdylar.

Telefon arkaly gepleşigiň dowamynda beýleki özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn meseleler boýunça pikir alyşmalar bolup geçdi diýip, Azerbaýjanyň DIM-niň habarynda aýdylýar.

ORIENT

Foto: mfa.gov.az

Şeýle hem okaň: