Iň täze habarlar

Türkmenistan – ŞHG sammitleriniň hormatly myhmany

06.05.2025 | 22:20 |
 Türkmenistan – ŞHG sammitleriniň hormatly myhmany

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) nobatdaky sammiti 2025-nji ýylyň güýzünde Týanszin şäherinde geçirilip, ol Guramanyň ösüşinde täze tapgyry açar. Bu baradaky pikiri RIA Nowosti beren eksklýuziw söhbetdeşliginde ŞHG-niň baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew beýan etdi. Ol hytaý tarapynyň özüniň ŞHG-da başlyklyk etmeginiň meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigi hem-de öňdäki sammitiň iň ýokary derejede geçirilip, “Hytaý ýylynyň” möhüm wakasy boljakdygy barada habar berdi.

Týanszin sammitine gatnaşyjylar baradaky soraga jogap bermek bilen, baş sekretar sammite gatnaşyjylarynyň düzümi boýunça teklipleriň öňe sürülmegi bu ŞHG-de başlyklyk edýän ýurduň hususy ygtyýary bolup durýandygy barada belläp, synçy-ýurt hökmünde Mongoliýanyň we başlyklyk edýän döwletiň myhmany hökmünde Türkmenistanyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine adaty gatnaşyjylary bolup durýandygy barada goşmaça aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Nurlan Ýermekbaýew agentlige ýakyn ýyllar üçin bileleşigiň meýilnamalary we ileri tutulýan ösüş ugurlary barada gürrüň berdi, şeýle hem ŞHG-niň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli duşuşyklara taýýarlyk işler baradaky maglumat bilen paýlaşdy hem-de sebitde howpsuzlygy güýçlendirmek üçin Guramanyň kabul edip biljek çäreleri barada aýdyp geçdi.

Şeýle hem, ol Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň düzümine girmek baradaky arzalarda ýetmezçilik duýmaýandygy barada belledi. Sebäbi şu gün, özüniň esaslandyrylmagyndan bäri 24 ýyl geçenden soň hem, ŞHG häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamynyň möhüm gatnaşyjysyna öwrüldi hem-de onuň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak üçin, şeýle hem täze demokratik, adalatly, syýasy we ykdysady dünýä düzgünlerini gurmak üçin şertleriň emele gelmegindäki orny hemişe ýokarlanyp durýar.

Foto: ont.by

Şeýle hem okaň: