Türkmenistanyň Döwlet sirki täze tomaşa çagyrýar
07.05.2025 | 14:40 |Türkmenistanyň Döwlet sirki 11-nji maýda sagat 18:00-da geçiriljek täze şowhunly sirk tomaşasy barada habar berýär.
Tomaşaçylara giň görnüşli we gyzykly çykyşlar garaşýar. Olar dürli sirk tomaşalaryny we zehinli artistleriň düýbünden täze çykyşlaryny öz içine alýar. Maksatnamada köpçüligiň kalplaryny hokmän eýelejek tälim berlen haýwanlaryň çykyşlaryna aýratyn ýer berildi.
Agşamyň esasy pursady deňi-taýy bolmadyk ussatlygy we milli öwüşginli özboluşlylygy açyp görkezýän meşhur “Galkynyş” atçylar toparynyň we tanymal “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary bolar. Mundan başga-da, tomaşaçylara özüniň iň gowy çykyşlaryny ýerine ýetirjek “Gündogar ýyldyzlary” atly milli srik toparynyň ýaş artistleriniň ajaýyp çykyşlary garaşýar.
Türkmenistanyň Döwlet sirki paýtagtyň ähli ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny täsinlik we sungat gurşawynda ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. Biletleri sirkiň kassasynda alyp bolýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-10-95, 36-10-34, 39-80-44, 39-80-45.
ORIENT news