Iň täze habarlar

Türkmen diplomaty amerikan kollejinde bitaraplyk barada umumy sapak bilen çykyş etdi

06.05.2025 | 23:50 |
 Türkmen diplomaty amerikan kollejinde bitaraplyk barada umumy sapak bilen çykyş etdi

ABŞ-nyň Waýomig ştatynyň Pauell şäherindäki Demirgazyk-Günbatar kollejinde (North-West College) Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň birinji sekretary we konsuly Şöhrat Pirmuhammedowyň umumy sapagy geçirildi. Diplomat talyplaryň, işgärleriň, mugallymlaryň we ýerli bileleşikleriň wekilleriniň öňünde çykyş etmek bilen, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesi hem-de türkmen-amerikan gatnaşyklary barada gürrüň berdi.

Türkmen diplomatynyň Aşgabatdan müňlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän amerikan kollejine amala aşyran bu sapary Demirgazyk-Günbatar kollejinde 11 sany türkmenistanly talyplaryň bilim alýandygy bilen baglanyşyklydyr. Şöhrat Pirmuhammedowyň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň bir bilim edarasynda türkmen talyplarynyň şeýle sany ony haýran galdyrdy hem-de onuň pikirine görä, bu ýurt boýunça iň ýokary görkezijileriniň biridir.

turkmen-diplomat-o-nejtralitete-v-amerikanskom-kolledzhe (1).jpg

NWC kollejiniň türkmen talyplary milli türkmen tagamlaryny taýýarlamaga, şeýle hem öz ýurdunyň nusgawy esbaplarynyň sergisini guramaga ýardam berdiler

Diplomatyň talyplar bilen duşuşygy olaryň türkmen aşhanasynyň milli tagamlaryny taýýarlamaga hem-de öz Watanynda gündelik durmuşda ulanylýan adaty esbaplaryň sergisini guramaga gatnaşandyklaryndan soň geçirildi. Bu çäreler Şöhrat Pirmuhammedowyň ýurdumyzyň 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny alandan soňra, yglan edilen Türkmenistanyň bitaraplygynyň taryhyna bagyşlanan çykyşynyň üstüni doldy. Şeýle hem, ol türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň dürli ugurlary hem-de mümkinçilikleri barada durup geçdi.

Öz çykyşynda türkmen diplomaty Türkmenistanyň parahatçylyk we bitaraplyk meseleleri boýunça halkara maslahatlaryň, şol sanda ýaňy-ýakynda geçirilen bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahatyň geçirilmegindäki orny barada belläp geçdi. Ol häzirki zaman dünýäsinde bu ýörelgeleriň wajyplygy barada aýratyn belledi: “Meniň pikirimçe, mundan ozal hiç wagt bolmaýşy ýaly, häzirki wagtda bize parahatçylyk we ynanyşmak zerur bolup durýar”.


Demirgazyk-Günbatar kolleji barada

Demirgazyk-Günbatar kolleji bu iki ýyllyk jemgyýetçilik kolleji bolup, ol Waýoming ştatynyň Pauell şäherinde ýerleşýär. Kollej 1946-njy ýylda esaslandyrylyp, associate degree maksatnamalaryny (bakalawriatyň birinji iki ýyllygyna gabat gelýär), şeýle hem käbir bakalawr we sertifisirleme maksatnamalaryny hödürleýär. Okuw mekdebiň umumy ýaşaýyş jaýlary bar, hem-de ol dürli akademiki maksatnamalary we kiçiräk amerikan şäherinde okuwdan daşary durmuş üçin mümkinçilikleri hödürläp, daşary ýurtly talyplary özüne çekýär.

Türkmen diplomatyň Demirgazyk-Günbatar kollejine sapary Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky bilim we medeni aragatnaşyklarynyň ösdürilýändiginiň aýdyň mysaly bolup, iki ýurduň halkynyň arasynda göni özara gatnaşyklaryň we alyş-çalyşyň wajyplygyny açyp görkezdi.

ORIENT news

Foto: Powell Tribune

Şeýle hem okaň: