GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň nobatdaky forumy Duşenbede geçiriler
06.05.2025 | 15:11 |GDA gatnajyşy-döwletleriň XVIII döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumy 14-15-nji maý aralygynda Duşenbede geçiriler. Onuň esasy temasy “Garaşsyz Döwletleriň arkalaşygy: ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” bolar diýip, GDA gatnaşyjy-döwletleriň Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk gaznasynyň saýtynda habar berilýär. Bölümçe maslahaty Arkalaşygyň halklarynyň Beýik Ýeňşe goşan goşantlaryna bagyşlanan. Maslahatlaşma meýdançalarynda “Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeniýetinde däp-dessurlar we innowasiýalar”, “Ylymda we bilimde häzirki zaman tendensiýalary” hem-de “Arkalaşygyň ynsanperwer giňişligini ösdürmek üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçilikleri” ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşylar.
Forumyň çäklerinde Milli ylymlar akademiýalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary, şeýle hem Döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyk gaznasynyň müdirliginiň we GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk geňeşiniň bilelikdäki maslahaty meýilleşdirilen. Forumyň maksatnamasyna “Arkalaşygyň Ýyldyzy” we “Debýut Arkalaşygy” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy hem-de GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň çykyşlary girizildi.
Döredijilik we ylmy intelligensiýanyň forumy Arkalaşygyň giňişligindäki ýylyň esasy ynsanperwer çäresi bolup, onda köptaraply formatda geçen ýyl boýunça ynsanperwer hyzmatdaşlygyň jemleri jemlenýär, bilelikdäki çäreleriň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşylýar, GDA ýurtlarynyň has derwaýys özara gatnaşyk meseleleri boýunça täze çemeleşmeler işlenilýär. Forumlar, adat boýunça, GDA-da başlyklyk edýän ýurtlaryň paýtagtynda 2006-njy ýylan bäri ýylsaýyn geçirilýär.
Türkmenistan Arkalaşygyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekillerini iki gezek kabul etdi. 2012-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda GDA gatnajyşy-döwletleriň VII döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumy geçirilip, onuň baş temasy “GDA gatnaşyjy-döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösüş strategiýasy: ugurlar we ösüş mümkinçilikleri” boldy. Forumyň çäklerinde GDA gatnaşyjy-döwletleriň zenanlar guramalarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. 2019-njy ýylyň maýynda Aşgabatda GDA gatnajyşy-döwletleriň XIV döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumy geçirilip, oňa gatnaşyjylar “Arkalaşygyň umumy ynsanperwer giňişligi: medeniýet, ylym, bilim babatda dialog” atly temada ünsüni jemlediler. Foruma gatnaşyjylar we myhmanlar üçin GDA-da Kitap ýylyna bagyşlanan sergi taýýarlandy.
Onda soňky ýyllaryň iň gowy neşirleri, şeýle hem GDA gatnaşyjy-döwletleriň Döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň gaznasy tarapyndan guralýan “Sowgatlyk kitaplar” atly çäresiniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet kitahanasyna geçirilýän rus nusgawy we häzirki zaman edebiýaty görkezildi. Çäräni guramaçylara ähli Foruma gatnaşyjy-ýurtlar goşulyşdy. Wekiliýetler Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna özüniň sowgatlyk kitaplaryny getirdiler.
ORIENT