Iň täze habarlar

Türkmenistan hokkeý boýunça dünýä çempionatynda kümüş medaly eýeledi

29.04.2025 | 14:30 |
 Türkmenistan hokkeý boýunça dünýä çempionatynda kümüş medaly eýeledi

Türkmenistanyñ hokkeý boýunça milli ýygyndy topary 21-27-nji aprel aralygynda Türkiýede geçirilen dünýä çempionatynyñ III Diwizionynyñ A topary boýunça kümüş medaly eýeledi.

Bu üstünlik öñdäki mowsümde toparçada orunlaryñ ýokary galmagyny añladýar. Türkmenistanyñ milli ýygyndy topary 11 utuk gazanyp, tutuş ýaryşyñ dowamynda çydamlylygy we hyjuwly göreşi görkezdi. Topar soñky duşuşygyñ goşmaça wagtynda GAR-dan üstün çykdy.

Türkmenistan bilen bilelikde toparçada orunlaryñ ýokarlanmagy Gyrgyzystanyñ ýygyndy toparyna hem garaşýar, Lýuksemburgyñ ýygyndysy bolsa III Diwizionynyñ A toparyndan çykýar.

ORIENT news

Foto: ru.freepik.com

Şeýle hem okaň: