Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti resmi däl duşuşyk geçirdiler

22.04.2025 | 14:50 |
 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti resmi däl duşuşyk geçirdiler

22-nji aprelde, sişenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew resmi däl duşuşyk geçirdi.

Kasym-Žomart Tokaýew, ähli türki dünýäsiniň halklary üçin mukaddes ýerleriň biri bolan Gazagystanyň ruhy paýtagty Türküstana sapar bilen gelendigi üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy bilen gutlady we BMG tarapyndan bu başlangyjyň goldanylmagy Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyna şaýatlyk edýändigini nygtady diýip, Akordanyň habarynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi we Gazagystany Türkmenistanyň esasy strategiki hyzmatdaşlarynyň biri diýip belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn geljeginiň bardygyny belläp, BMG-niň çäginde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek bardaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

неформальная встреча главы Халк Маслахаты и Президента Казахстана (2).jpg

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça köptaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler täze ösüş nokatlaryny tapmagyň we ýakyn ýyllarda söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak üçin ulgamlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da Gazagystanyň “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň taslamasyna daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gatnaşmagyna aýratyn üns berildi.

Kasym-Žomart Tokaýew Turgundy — Hyrat – Gandagar – Spin – Buldak ugry boýunça demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň ähmiýetini belläp geçdi. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ulag ýollarynyň diwersifikasiýasyny we eksport bazarlarynyň giňelmegini üpjün eder. Gazagystanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, Demirgazyk – Günorta ugry boýunça ulag mümkinçiliginiň ösmeginde Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýoly we gurulýan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýoly hem möhüm ähmiýete eýedir.

неформальная встреча главы Халк Маслахаты и Президента Казахстана (1).jpg

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar bilim we sanlylaşdyrmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar.

ORIENT

Foto: Акорда

Şeýle hem okaň: