Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti “Etnoaul” toplumyna baryp gördi

21.04.2025 | 19:15 |
 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti “Etnoaul” toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti şu gün Türküstan şäherindäki “Azret-Soltan” goraghanasynyň çäginde ýerleşýän milli medeni toplumyna baryp gördiler.

1745243134_3.jpg

Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew dürli däne ekinleriniň hödürlenýän gündogar bazaryny synladylar. Şeýle hem olar milli tagamlar we agajy gaýtadan işlemek, dokmaçylyk, keçeçilik, küýzegärçilik we şaý-sepler ýaly halk senetçiliginiň ussalarynyň işleri bilen tanyşdylar diýip, Akordanyň habarynda aýdylýar.

1745243134_2.jpg

Gazak däp-dessurlaryna bagyşlanan teatr çykyşy maksatnamanyň dowamy boldy.

Mundan başga-da, tazy itleriň we elguşlarynyň başarnyklary görkezildi.

ORIENT

Foto: Акорда

Şeýle hem okaň: