Iň täze habarlar

SECCA Türkmenistana elektrik desgalarynyň ulanylyşynda howpsuzlyk çäreleri boýunça birinji tehniki resminamany gowşurdy

09.04.2025 | 14:35 |
 SECCA Türkmenistana elektrik desgalarynyň ulanylyşynda howpsuzlyk çäreleri boýunça birinji tehniki resminamany gowşurdy

2025-nji ýylyň 31-nji marty – 4-nji apreli aralygynda Ýewropanyň SECCA maksatnamasynyň bilermenleriniň we halkara geňeşçileriniň Türkmenistana sapary Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda durnukly energetika we howany üýtgemegine garşy göreş syýasaty babatdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi” atly taslamasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirilip, olarda bilelikdäki işiň netijelerine we geljekki meýilnamalara seredildi. Bilermenler elektrik desgalarynyň ulanylmagynda howpsuzlyk boýunça maslahatlary öz içine alýan birinji tehniki resminamany gowşurdylar.

Şeýle hem, saparyň çäklerinde iki sany halkara maslahatlar geçirildi:

2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Aşgabatda – “Türkmenistanyň durnukly energetika ösüşi üçin energetika pudagynda çözgütleriň kabul edilmegine ýardam bermek”;

2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Mary şäherinde – “Energetika we howa babatda toplumlaýyn derňew üçin ulgamlaýyn pikirleniş: Türkmenistanda durnukly energetikanyň ösüşiniň aýratynlyklarynyň öwrenilmegi”.

Olar energetika pudagynda çözgütleriň kabul edilmegine ýardam bermäge hem-de energetika we howa babatda ulgamlaýyn derňewlere bagyşlandy.

SECCA-nyň sapary Mary şäherindäki Döwlet energetika institutynyň gurluşyk meýdançasynda täze energiýa netijelilik tehnologiýalary bilen tanyşlygy hem öz içine aldy. Bu babatda, gurluşyk tamamlananyndan soňra bina “Ýaşyl şahadatnamasyny” gowşurmak mümkinçiligi öňe sürüldi.

ORIENT news

Foto: secca.eu

Şeýle hem okaň: