TDHÇMB-da söwdalaşyklar: "Türkmennebit"-iñ önümlerine isleg bildirildi
08.04.2025 | 08:44 |7-nji aprelde, duşenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa önümleri ýerlenildi.
Özbegistanyñ we BAE-niñ telekeçileri "Türkmennebit" Döwlet konserni bilen "BND 60/90" kysymly ýol bitumyny we "ECO-93" kysymly awtoulag benzinini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri "Türkmennebit" Döwlet konserninden "TPP D 30 С" kysymly polipropileni satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 400 000 manada we 6 952 500 ABŞ dollaryna barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiñiz.
ORIENT news