TDEI-de ÝB-niň "SECCA" taslamasynyň çäklerinde halkara maslahat geçirildi
06.04.2025 | 16:15 |4-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada durnukly energetika arabaglanyşygy» (SECCA) atly taslamasynyň çäklerinde «Bitaraplyk derejesi - durnukly energiýanyň ösüşiniň kepili. Energiýa we howa şertleriniň utgaşykly seljermesi üçin ulgamlaýyn pikirlenme. Türkmenistanda durnukly energiýanyň ösdürilmegini aýratynlyklaryny öwrenmek» atly halkara maslahaty geçirildi.
Halkara maslahata Italiýadan, Horwatiýadan, Gruziýadan Latwiýadan hem-de Gazagystan Respublikasyndan halkara bilermenleri, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlar we talyplary gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar ilki bilen institutyň Baş binasynyň eýwanynda gurnalan ylmy işleriň sergisi bilen tanyşdylar. Halkara maslahatyň dowamynda energiýany tygşytlamagyň zerurlygy we ähmiýeti, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda energiýany tygşytlamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada birnäçe çykyşlar diňlenildi.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda ýaşlaryň ekologiýa bilen bagly möhüm meseleleri, şol sanda howanyň üýtgemegi, oba hojalygynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy, “ýaşyl” ykdysadyýet we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça mümkinçiliklerini we bilimlerini artdyrmak, ýaşlaryň jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşmaklaryny ýokarlandyrmak bilen bagly derwaýys meseleler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.
Halkara taslamanyň çäklerinde institutyň professor-mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen «Türkmenistanyň howa şertlerinde energiýany netijeli ulanýan innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenmek» atly okuwlar 2 tapgyrda geçirildi we degişli sertifikatlar gowşuruldy.
ORIENT