Türkmenistan MA-ÝB howa meseleleri forumynda: suwa we metana ünsi çekdi
05.04.2025 | 04:15 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik” atly halkara forumda çykyş edip, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynyň çäginde howanyň gün tertibiniň däp bolan möhüm ornuna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemegiň we olary durmuşa geçirmegiň ygtybarly binýadyny döretmegiň zerurdygyna, Ýewropa Bileleşigini wa gün tertibiniň meseleleri babatda Ýewropa Bileleşigini geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygy belläp, halkara konwensiýalara, şertnamalara we ylalaşyklara, şol sanda, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna hem-de Pariž ylalaşygyna umumy ygrarlylygyň esas bolup durýandygy barada pikirini beýan etdi.
Kömürturşy gazyny we metan zyňyndylaryny azaltmak hyzmatdaşlygyň möhüm tarapy hökmünde kesgitlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça toparyň döredilendigini, Ählumumy metan borçnamasyna goşulandygyny we howada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” kabul edilmegi ýaly Türkmenistan tarapyndan bu ugurda durmuşa geçirilen möhüm işleri belläp geçdi. Netijede, diňe 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda metan zyňyndylary 11 göterim azaldy. Bu bolsa meýilnamada bellenen derejeden ýokarydyr.
Döwlet Baştutany, şeýle hem Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek we ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek maksatnamasyny taýýarlamak ýaly sebitleýin we ählumumy ekologiýa başlangyçlaryna ünsi çekip, olary durmuşa ornaşdyrmakda Ýewropa Bileleşiginiň goldawyna bil baglaýandygyny aýtdy. ÝB bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary energetika, senagat, ulag, ykdysadyýetiň önümçilik we durmuş üpjünçiligi bilen bagly beýleki wajyp ugurlarynda “ýaşyl” geçişi öz içine alýar. Türkmenistanyň Prezidenti “ýaşyl” geçiş boýunça dialogy güýçlendirmegi, ony hyzmatdaşlygyň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemegi we ýakyn geljek üçin anyk meýilnamalary taýýarlamagy teklip etdi.
Çykyşda sebit üçin möhüm ähmiýete eýe bolan suw meselesine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň tehnologik we usulyýet taýdan ýardam bermegi bar bolan kynçylyklary çözmekde oňyn täsir edip biljekdigi we halkara hukugy berjaý etmek; özara bähbitleri hasaba almak; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň gatnaşmagyna esaslanýan Türkmenistanyň garaýşy beýan etdi. Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ösüşi we hyzmatdaşlygy berkitmek şeýle hem sebitiň serhetüsti derýalarynyň suwundan peýdalanmagyň usullaryny ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyna Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça BMG-niň Sebit geňeşini döretmek baradaky başlangyja seretmegi teklip etdi.
Sebitde ekologik, durmuş-ykdysady abadançylygyň esasy meseleleriniň biri-de Araly halas etmekdir. Türkmenistan bu meseläniň halkara derejede has anyk we maksada gönükdirilip ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşýar we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary esasynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine ýardam bermek boýunça çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyna bil baglaýandygyny mälim edip, bu resminamalaryň doly durmuşa geçirilmegi üçin bilelikde tutanýerli işlemegi teklip etdi.
ORIENT