Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna iş sapary başlandy

03.04.2025 | 17:55 |
 Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna iş sapary başlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Samarkant şäheriniň Sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gelip gondy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Howa menzilinden hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

ORIENT news

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: