«Şatlyk jamy» – XI asyrdan galan Horasanly gymmatlyk: sabyr-takatlylyk we medeni alyş-çalyş däpleriniň subutnamasy
08.04.2025 | 03:45 |XI asyra degişli Horasandan tapylan kümüş jam 2025-nji ýylyň 25–29-njy apreli aralygynda Londonda geçiriljek Sotheby's bäsleşikli söwdada — Yslam, oriýentalistlik we Ýakyn Gündogar sungatynyň hepdeliginiň çäklerinde görkeziler. Bu özboluşly artefakt diňe toplamaçylaryň däl, eýsem medeniýet taryhçylarynyň hem ünsüni özüne çekdi. Bahasy 3–5 million amerikan dollaryna çenli görkezilen bu gymmatlyga aýratyn baha berilmeginiň sebäbi — onuň ýüzünde hem iwrit hem-de arap dilindäki ak pata bardygydyr. Bu bolsa orta asyr Horasanda bolan medeni gatnaşyklaryň we sabyr-takatlylygyň aýdyň nyşany hökmünde kabul edilýär.
Bu gadymy jam — şabat we ýewreý baýramlarynda şerap ýa-da üzüm şiresi üçin aýdylýan doga döwründe ulanylýan adaty gap — orta asyrlardan biziň günlerimize çenli saklanyp galan iň irki nusgalaryň biri hasaplanylýar. Ol diňe bir taryhy gymmatlyk bolman, eýsem dürli dini we medeni jemgyýetleriň arasynda birek-birege bolan hormatyň we parahatçylykly gatnaşyklaryň nyşanydyr. Horasan — häzirki zaman Eýranyň, Owganystanyň we Türkmenistanyň käbir ýerlerini öz içine alýan taryhy sebit — şol döwürde ýewreý jemgyýeti üçin ýaşaýyş merkezleriniň biri bolup, olar ýerli musulman jemgyýeti bilen işjeň gatnaşykda bolupdyrlar.
Sotheby’s kompaniýasynyň iudaika boýunça baş kuratory Şaron Liberman Mins bu barada şeýle diýýär: «Bu jam — Orta asyrlarda Merkezi Aziýada ýaşan ýewreý jemgyýetleriniň bolandygynyň hem-de olaryň özlerini gurşap alan yslam dünýäsi bilen medeni gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ol dürli dinleriň we şahsyýetleriň arasynda umumy sungat diliniň bardygyny görkezýär».
The Jerusalem Post gazetiniň ýazmagyna görä, bu käsäniň müň ýyl gowrak wagt bäri saklanyp galmagy örän täsirli ýagdaý bolup, onuň medeni mirasa goýlan belent hormatyň güwäsidir.
Käsäniň ýüzündäki iwrit we arap dilindäki ýazgylar ýewreý we musulman jemgyýetleriniň arasynda çuňňur medeni gatnaşyklar bilen özara täsirleriň bolandygyny görkezýär. Käsäniň eýesi bolan Simha ben Salmanyň ady onuň ýüzünde ýazylan, iki dilde şatlyk gutlaglar bilen bilelikde ýerleşdirilipdir. Iwrit dilindäki ýazgyda: «Simha ben Salman. Goý, Simha asyrlar boýy ýaşasyn», arap dilindäki ýazgyda bolsa: «Gutlaglar, ak patalar, şatlyk we bagt. Eýesine uzak ömür» diýilýär.
Alymlar bu ýazgylaryň sadalaýyn estetiki bezeg däl-de, eýsem iki jemgyýetiň medeni däplerine goýlan çuňňur hormaty alamatlandyrýandygyny belleýärler. «Şatlyk» diýen sözüň iki dilde-de gaýtalanmagy onuň adamzat üçin umumy we gymmatly düşünjedigini görkezýär.
Bu jam kümüşden ýasalyp, şol döwürdäki Merkezi Aziýa sungatyna mahsus elementler bilen bezelendir. Ol musulman kümüş gap-gaçlaryna meňzeýär, bu bolsa şol döwürde umumy çeperçilik stiliniň bolandygyny görkezýär. Bilermenleriň pikirine görä, käsäni ýasan ussa ýerli musulman zergäridir we ol ýewreý eýesiniň adyna hormat goýup, iki dilde ak patany bilelikde ýerleşdirmek arkaly estetiki sazlaşyk gazanmaga synanyşypdyr.
«Şatlyk jamy» müň ýyl mundan ozal Beýik Ýüpek ýolunda söwda, medeni gatnaşyklar we ýewreý jemgyýetiniň gülläp ösenn döwrüniň täsin subutnamasydyr. Onuň Sotheby’s bäsleşikli söwda çykarylmagy — onýyllyklap hususy toplamada saklanylandan soň — iudaika, arheologiýa we yslam sungaty boýunça hünärmenlerde uly gyzyklanma döredýär. Bu bolsa parahatçylykly ýaşamak, medeni baýlaşmak we birek-birege hormat goýmak döwrüne nazar aýlamaga mümkinçilik berýär.
Eýesine bagt, bereket, şatlyk, bagtyýarlyk, şöhrat, gülläp ösüş, baýlyk, merhemet, üstünlik, saglyk we uzak ömür arzuw edýän arap ýazgysy bu käsäniň diňe dini däp-dessurlarda ulanylýan zat däl-de, eýsem birek-birege hormat we çydamlylyk esaslarynda gurlan şahsy gymmatlyklaryň we medeni mirasyň nyşany hökmünde hem ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.
ORIENT