Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: suwuklandyrylan gaz, “TS-1” kysymly uçar kerosini, float aýnasy we boýalan flanel matasy satyn alyndy

10.04.2025 | 10:40 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: suwuklandyrylan gaz, “TS-1” kysymly uçar kerosini, float aýnasy we boýalan flanel matasy satyn alyndy

9-njy aprelde, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa, ýeňil senagaty we oba hojalyk önümleri ýerlenildi.

Owganystanyň we Gonkongyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

“Türkmennebit” Döwlet konserninden olar “TS-1” kysymly uçar kerosinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen float aýnasyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Dokma senagaty ministrliginden olar boýalan flanel matasyny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 50 645 000 manada we 1 841 430 ABŞ dollaryna barabar bolan 8 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

Foto: exchange.gov tm

Şeýle hem okaň: