Rumyniýada türkmen halylarynyň sergisi açyldy
25.03.2025 | 17:46 |2025-nji ýylyň 25-nji martynda Buharestiň Milli rumyn daýhançylyk muzeýinde “Arşyň nepisligi – türkmen halysy” atly haly sergisi açyldy.
Sergi “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenhaly” Döwlet birleşigi bilen bilelikde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.
Çärä Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, Parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn-dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, ylmy intelligensiýa, muzeýiň işgärleri, şeýle hem Rumyniýanyň bilim edaralarynda bilim alýan talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdy.
Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparyň Jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet sekretary Diana Baçuna, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew we Milli rumyn daýhançylyk muzeýiniň baş direktory Wirjiu-Stefan Nitulesku çykyş etdiler.
Çykyşlarda türkmen halylarynyň ägirt uly çeperçilik gymmatlygy we ajaýyp bezeg hökmünde hemişe uly meşhurlyga eýe bolandygy barada bellenildi. Olaryň gadymy nusgalary köpsanly ýurtlaryň muzeýleriniň, sergi zallarynyň we çeperçilik galereýalarynyň eksponatlary bolup durýar. Ajaýyplyklaryň gadryny bilýän adamlary haýran galdyryp, türkmen halysy Ýer zeminde özüniň ýeňişli ýoluny dowam etdirmek bilen, şeýle ajaýyp sungatyň inçe syrlaryny asyrlar we müňýyllyklar boýy geçiren türkmen halkynyň ýüzüne öwrüldi.
Türkmen ussat zenanlaryň ellerinden dörän halylar hem gadymy döwürlerde, hem häzirki wagtda hemmeleri haýran galdyrýar. Sungat eserleriň derejesine çykarylan ajaýyp halylary dünýä ýaýmakda türkmen topragyndan geçip, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran Beýik Ýüpek ýoly uly orun eýeledi.
Häzirki wagtda bu gadymy ýol täzeden dikeldilip, ýurtlaryň we sebitleriň arasyndaky köptaraply söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde öz beýanyny tapýar. Halyçylyk sungaty bolsa, milli mirasyň baý däplerini we häzirki zaman tehnologiýalary sazlaşykly utgaşdyryp, täze mazmuna eýe bolýar.
Türkmeniň milli halyçylyk sungatynyň umumyadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyndaky aýratyn orny barada aýtmak bilen, çykyş edenler 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň Maddy däl medeniýeti goramak boýunça hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde türkmen halysynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky kararyň kabul edilendigi munuň aýdyň subutnamasyny bolup durýandygy barada aýratyn bellediler. Gürrüňsiz, ÝUNESKO-nyň bilermenleri tarapyndan türkmen halyçylyk sungatynyň bütin dünýäniň beýik medeni hazynasynyň bölegi hökmünde ykrar edilmegi bu milli brendi daşary ýurtda mundan beýläk-de ösdürmekde we giň gerimde dünýä ýaýmakda ýardam berer.
“Türkmenhaly” Döwlet birleşiginiň işi barada hem aýratyn nygtaldy.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli sungatyň gadymy däp-dessurlaryny dünýä ýaýmakda goşan ägirt uly şahsy goşantlary barada nygtaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli halyçylyk sungatyna bagyşlanan “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” atly kitaplarynda bellenilişi ýaly, tutuş zeminde el halylaryň şöhratyny wasp edip, olar türkmen halyçy zenanlarymyz üçin ylham çeşmesi bolup durýar.
Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeniýetine uly söýgi we hormat siňdirilen el halylaryň müdimilik gözelligi baradaky bu ajaýyp eserleriň dürli dillere terjime edilmeginiň netijesinde bütin dünýä özi üçin türkmen halyçylyk sungatyny täzeden açdy.
Eksponatlar hökmünde halkyň medeni mirasyny şöhlelendirýän çeper surat eserleri, ajaýyp milli şaý-sepleri görkezildi.
Özüniň çeperçilik gymmatlygy we taýýarlaýşynyň kämilleşen tehnikasy bilen seýrek duş gelýän muzeýiň baý kolleksiýasyndaky halylar we haly önümleri aýratyn orun tutýar. Sergide görkezilen her bir haly ýokary hili we daşky keşbi boýunça ajaýyp görünýär.
Buharestiň Milli rumyn daýhançylyk muzeýindäki türkmen halysyna bagyşlanan sergi 31-nji marta çenli öz işini dowam eder.
ORIENT news