Ýaşlar üçin howanyň üýtgemegine garşy göreşe öz goşantlaryny goşmak mümkinçiligi
25.03.2025 | 12:35 |“Ýaşlar howa üçin 2025” (Youth4Climate 2025) bäsleşigine gatnaşmak üçin haýyşnamalaryň kabul edişligi dowam edýär.
“Ýaşlar howa üçin 2025” bäsleşigi Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň hem-de Italiýanyň hökümetiniň başlangyjydyr. Ol howanyň üýtgemegine garşy göreşe we geljekki nesiller üçin durnukly çözgütleriň ösdürilmegine gönükdirilen ýaşlar başlangyçlaryny goldamaga niýetlenendir.
Bu bäsleşik ýaşlara howanyň üýtgemelerine hakyky täsir edip biljek pikirlerini we çözgütlerini beýan etmäge we BMG tarapyndan ykrar edilen ählumumy durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda ýardam bermäge şert döredýär. Gatnaşyjylarda diňe bir özüniň innowasion çemeleşmelerini görkezmän, eýsem taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin goldaw almaga mümkinçilik gazanarlar.
Bäsleşik 18-29 ýaş aralygyndaky, durnukly ösüş, ekologiýa we howanyň üýtgemegine garşy göreş babatynda işjeň iş alyp barýan ýaşlara gönükdirilendir. Oňa jemgyetçilik guramalar hem gatnaşyp biler.
2025-nji ýylda bäsleşik alty ugur boýunça geçirilýär:
Energiýanyň durnukly çeşmeleri: arassa we elýeterli energiýa üçin çözgütleriň işläp taýýarlanylmagy.
Azyk senagaty we oba hojalygy: oba hojalyk pudagynda durnukly tejribeleriň ulanylmagy.
Howa we saglyk: howanyň üýtgemegi şertlerinde saglygy gowulandyrmaga gönükdirilen başlangyçlar.
Planetamyz üçin sanly tehnologiýalar: howa bilen baglanyşykly wezipeleri çözmek üçin tehnologiýalaryň ulanylmagy.
Howa, parahatçylyk we howpsuzlyk: howa bilen baglanyşykly çözgütler arkaly parahatçylyga we durnuklylyga ýardam berýän taslamalar.
Howa bilen baglanyşykly hereketler üçin tebigat: ekoulgamlary gorap saklamak we dikeltmek boýunça başlangyçlar.
Ýeňijiler üçin artykmaçlyklar:
Taslamany durmuşa geçirmek üçin 30 000 $ çenli maliýeleşdirme.
Taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalar, şol sanda halypaçylyk maksatnamalaryna elýeterlilik.
Milli, sebit we global derejesinde özara gatnaşyk üçin mümkinçilikler.
Haýyşnamalaryň kabul edişligi 2025-nji ýylyň maý aýyna çenli dowam eder.
Giňişleýin maglumat hem-de haýyşnama görnüşini almak üçin bäsleşigiň resmi saýtyna geçiň.
ORIENT