Ilkinji gezek Aziýanyñ daşynda geçýän kabaddi boýunça Dünýä kubogy badalga aldy
17.03.2025 | 17:05 |Beýik Britaniýada ilkinji gezek Aziýanyñ daşynda geçýän kabaddi boýunça Paddy Power Dünýä kubogy badalga aldy. Bu barada Insidethegames.biz onlaýn-neşiri habar berýär.
Ýaryşa bütin dünýäniñ toparlary gatnaşýar: dört toparça bölünen 16 erkek we 8 aýal ýygyndylary. Erkekleriñ arasynda Hindistanyñ, Pakistanyñ we Germaniýanyñ toparlary, aýallaryñ arasynda bolsa - Hindistan we Angliýa öñdebaryjy hasaplanylýar.
Ýaryş 23-nji marta çenli dowam edip, Birmingem, Kowentri, Uolsoll we Wulwerhempton ýaly şäherlerde geçiriler. Ýaryşy onlaýn-platformalarda hem görüp bolar.
Ýaryş diñe bir kabbadiniñ ösüşini açyp görkezmän, eýsem sportda inklýuziwliligiñ we köpdürliligiñ alamatydyr.
"Paddy Power kabaddi boýunça Dünýä kubogynyñ ilkinji gezek Aziýanyñ daşynda geçirilmegi bu sport görnüşiniñ global derejede ösüşiniñ nyşanydyr. Kabaddi bütin dünýäde meşhurlyk gazanýar we ýakynda onuñ Olimpiýa oýunlarynyñ bir bölegi boljagyna ynanýarys" - diýip, Halkara kabaddi federasiýasynyñ prezidenti Aşok Das belledi.
Birnäçe müñ ýyl mundan ozal Hindistanda dörän kabaddi özünde taktiki ussatlygy, tizligi we güýji jemleýän sport görnüşidir. Ýedi adamdan ybarat iki topar baýdagy eýelemek üçin meýdançada ýaryşýar.
ORIENT news