Iň täze habarlar

Aşgabadyň Fransuz institutynda “ESCAPE 2” atly foto sergsisi açyldy

07.03.2025 | 12:30 |
 Aşgabadyň Fransuz institutynda “ESCAPE 2” atly foto sergsisi açyldy

Aşgabadyň Fransuz institutynda “ESCAPE 2” atly foto sergsisi açyldy. Ol 2025-nji ýylyň mart-maý aýlarynda “Nadar” galereýasynda geçer. Taslama 2023-nji ýylda görkezilen “Escape – sanly medeniýetiň ýüregine syýahat” atly sergisiniň dowamy boldy.

Şu ýylyň temasy “Täzeden dolmak” diýlip atlandyrylyp, ol sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň häzirki zaman jemgyýetine ýetirýän täsirine syn etmegi hödürleýär. Sergi fransuz suratkeşleriň sanly döwrüň esasy meselelerine degişli işlerini – filmleri, instalýasilaýary, wideo oýunlary öz içine alýar. “Sanly özgeriş”, “Kod belgisi - kanundyr”, “Täze derejä hoş gediňiz” we “Bile oýnaýarys” atly dört sany tematiki bölümçeler adamyň tehnologiýa bilen özara täsirini, algoritmleriň täsir edişini, maglumatlaryň girdejiligini, ösüş bilen baglylygyň arasyndaky serhedi öwrenýär.

Fransuz suratkeşi Antuan Şmittyň “(Adamzadyň) uzyn titrleri” atly interaktiw instalýasiýasy sergini tamamlaýar. Gelen adamlar onda öz atlaryny goýup, sanly taryhyň bir bölegi bolup bilerler. “ESCAPE 2” foto sergisi tehnologiýalaryň geljegi, olaryň mümkinçiligi we jemgyýetiň öňünde duran çagyryşlary baradaky oýlanmalara çagyrýar.

Sergä her gün sagat 9:00-dan 20:00-a çenli baryp bolýar. Giriş mugt.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: