Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde zenan gözelligine we olaryň zehinine bagyşlanan sergi
04.03.2025 | 19:21 |3-nji martda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zenanyň bagty – zeminiň bagty” ady bilen sergi açyldy. Onda muzeýiň gaznasyndan çeper eserler we gadymy hazynalar hödürlendi.
Eksponatlaryň arasynda – açyk reňkleri bahary ýada salýan, türkmen senetçileri tarapyndan elde nagyşlanan ýaşyl, sary we ak ýapynjalar bar. Asyrlaryň jümmişinden gözbaş alyp gaýtýan zenanlarynyň el işleriniň däpleri bu ýerde sergilenen suratlaryň arasynda Y.Gylyjowyň “Jadyly nagyşlar” we Ş.Akmuhammedowyň “Halk döredijili” atly eserlerinde öz beýanyny tapdy.Şeýle hem, beýleki meşhur suratkeşleriň bahar we zenanlar bilen baglanyşykly baý gözellik dünýäsini açyp görkezýän eserleri hödürlendi. Olaryň arasynda R.Muhammedowyň “Eje”, G.Barannikowyň “Gelin” we beýlekileriň eserleri bar.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Soňra meşhur teatr sungat işgärlerine, Maýa Kulyýewanyň adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlaryna we Döwlet kitaphanasynyň işgärlerine söz berildi. Olar zenanlaryň ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine goşýan goşandyny bellediler we sungatyň dürli görnüşlerinde zenanlaryň döreldesiniň çeper keşbi barada gürrüň berdiler.
Döwlet muzeýi Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýyl birnäçe medeni çäreleri şol sanda göçme sergileri hem gurnaýar. Olaryň biri 26-njy fewralda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen däp bolan “Talyp gözelligi” atly bäsleşiginiň çäginde gurnaldy. Türkmen halkynyň maddy we medeni gymmatlyklarynyň sergisinde milli haly we haly önümleri, egin-eşik we öý goşlary görkezildi. Ýaşlaryň arasynda şeýle sergileri guramak ýaş nesliň öz halkynyň taryhy we medeni gymmatlyklary we däp-dessurlary baradaky bilimlerini artdyrýar.
ORIENT