Sport we diplomatiýa: Türkmenistanyň ilçisi Tokio marafonynda
03.03.2025 | 23:35 |Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow 2-nji martda Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen «Tokio marafony – 2025» ýaryşyna gatnaşdy.
Şu ýyl bu ählumumy sport çäresi dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen 38 müňden gowrak türgeni jemledi. World Marathon Majors tapgyryna girýän we World Athletics-iň platin derejesine eýe bolan Tokio marafony her ýyl müňlerçe ylgamak boýunça türgenleri 42 km 195 metr aralykda bäsleşmek üçin özüne çekýär. Marafonyň baş howandary Tokionyň hökümeti bolup durýar.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýusynda Atadurdy Baýramow Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgesini ilerletmäge we sportuň ýaşlar arasynda meşhurlygyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen taýýarlanan we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli baş ýörelge esasynda Aşgabatda sport başlangyçlarynyň ösmegi üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtady.
Diplomat Türkmenistanyñ halkara sport başlangyçlaryna-da ünsi çekdi. BMG tarapyndan ykrar edilen bu başlangyçlaryň hatarynda: Dostluk oýunlaryny geçirmek baradaky BMG Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy, 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi, durnukly ösüş üçin köpçülikleýin welosiped sporty jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna goşmak başlangyjy bar.
Şeýle hem ilçi Baýramowyň bellemegine görä, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň sport pudagyndaky hyzmatdaşlygy işjeň dowam edýär. Hususan-da, türkmen dzýudoçylarynyň iri halkara ýaryşlaryna taýýarlanmagynda iki ýurduň hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir.
ORIENT