Harbinde ŞHG-niň garda futbol boýunça ikinji ýaryşy badalga aldy
03.03.2025 | 13:29 |Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Heýlunszýan welaýatynyň Harbin administratiw merkezinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň garda futbol boýunça ikinji ýaryşy badalga aldy.
Ýaryşlar 2025-nji ýylyň 1-5-nji mart aralygynda Sportuň buz köşgünde geçirilip, oňa ŞHG-niň agza-ýurtlary gatnaşýar: Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan we Mongoliýa. Bäş günüň dowamynda 16 duşuşyk geçiriler.
Ýaryşyň çäklerinde medeni çäreler hem meýilleşdirilen. Bu bolsa, ony diňe bir sport däl-de, medeni çäre hökmünde tanadýar.
Bu ýaryş 2024-nji ýylda geçirilen birinji ýaryşyň dowamy bolup, sebitde gyşky sport görnüşlerine barha artýan gyzyklanmany açyp görkezdi. Ýaryşlaryň hem ýerli halkyň, hem syýahatçylaryň ünsüni çekjekdigine garaşylýar.
Şahnaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Batyr Tursunow açylyş dabarasyndaky gutlag sözünde geçirilýän bu ýaryşlaryň ŞHG ýurtlarynyň sport däpleriniň ýaýbaňlandyrylmagyna öz goşandyny goşup, Guramanyň giňişliginde halk diplomatiýasynyň ösdürilmeginde nobatdaky ädim boljakdygyny aýtdy.
ORIENT news