Okgunly küşt Fransuz institutynda: baharyň ilkinji gününde turnir
01.03.2025 | 21:15 |1-nji martda Aşgabatda ilkinji gezek Fransuz instituty we Türkmenistanyñ Küşt federasiýasy tarapyndan guralan gyzykly okgunly turniri geçirildi.
Institutyň rahat gurşawynda geçen bu ýaryşa 40 oýunçy gatnaşdy. Olaryň arasynda mekdep okuwçylary, talyplar hem-de şäheriň dürli künjeklerinden gelen küşt muşdaklary bardy. Turnir 7 tapgyrdan ybarat bolup, oýunlar Şweýsariýa ulgamy boýunça geçirildi. Her oýunça 5 minut wagt berildi we her göçüm üçin 3 sekunt goşuldy. Gatnaşyjylar üçin turnir mugt gurnaldy, bu bolsa küşt söýüjilerine hakyky ýaryş atmosferasynda öz ukyplaryny görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilik döretdi.
Gyzgalaňly bäsleşigiň netijesinde küşt boýunça internet platformalary arkaly oýnamagy endik edinen küşt muşdagy Serdar Altyýew ýaryşyň ýeňijisi boldy. Bu onuň ilkinji resmi küşt turniri. Ikinji orny ýaş mekdep okuwçysy Kirill Melihew eýeledi, üçünji ýeri bolsa hünäri boýunça hukukçy bolan Maýsa Ýazyýewa aldy.
Aýratyn baýraklara mynasyp bolanlar: Merýem Ýazmyradowa – gyzlaryň arasynda iň gowy netije üçin; Artýom Kolosow – 12 ýaşa ýetmedik oýunçylaryň arasynda iň gowy netije üçin.
Turnirde “kalkulýator gyz” ady bilen tanalýan Liwanur Berdiýewanyň gatnaşmagy aýratyn üns çekdi. Ol mental arifmetika boýunça ussat bolup, 2024-nji ýylda “Rossiýa 1” teleýaýlymynda geçirilen “Täsin adamlar” teletomaşa Türkmenistandan gatnaşan ilkinji wekil boldy. Liwanuryň bu ýaryşa gatnaşmagy ýaş oýunçylara aýratyn ruhlandyryjy täsir etdi.
Turnir “Küşt Älemi” Küşt Akademiýasynyň, “Readit” kitap dükanynyň, “Belle” ykjam goşundysynyň we Orient.tm media platformasynyň goldaw bermeginde geçirildi.
Turniriň giňişleýin statistikasyna şu salgy arkaly girip bilersiňiz
ORIENT