Samsung Galaxy A56 we Galaxy A36 smartfonlarynyñ tanyşdyrylyş senesi barada habar berdi
27.02.2025 | 16:18 |Samsung kompaniýasy Galaxy A tapgyrynyñ täze smartfonlarynyñ, şol sanda Galaxy A56 we Galaxy A36 modelleriniñ tanyşdyrylyşynyñ 2025-nji ýylyñ 2-nji martynda geçiriljekdigi barada resmi taýdan habar berdi.
Bu çäre kompaniýa üçin möhüm tapgyr bolar. Sebäbi täze enjamlar meşhur orta synpyñ smatrfonlar görnüşiniñ täzelenişi hökmünde çykyş eder. Şol gün Galaxy A26 modeliniñ tanyşdyrylyşyna hem garaşylýar. Habar berlişi ýaly, enjamlaryñ üçüsi hem Super AMOLED 6,7 düýmlik displeý bilen enjamlaşdyrylar. Onuñ 2340 x 1080 piksellik mümkinçiligi bolar, şeýle hem dürli prosessorlara eýe bolar: Galaxy A56 Exynos 1580 prosessorynda, Galaxy A36 - Snapdragon 6 Gen 3, Galaxy A26 bolsa Exynos 1380 prosessorynda işlär.
Ähli täze modelleriñ alty aýyñ dowamynda Android 15 başlap tä Android 2 çenli operasion ulgamynyñ täzelenişini üpjün etjekdigini bellemeli. Ulanyjylar eýýäm resmi saýtda modellere bolan gyzyklanmasyny bellige aldyryp bilerler.
ORIENT news