Regenerasiýa: näme üçin oba hojalygy hökmany “ýaşyl” bolmaly
21.02.2025 | 17:10 |Aşgabatda regeneratiw (täzeden öňki durkunda dikeltmek) oba hojalygy we Türkmenistanda topragy durnukly dolandyrmak boýunça bilermenleriň duşuşygy geçirildi. Maslahatda häzirki üýtgeýän howa şertlerinde ekinleri we haýwanlary nädip ösdürip ýetişdirmeli, ählumumy howanyň maýlamagyna garşy we häzirki zaman daşky gurşaw standartlaryna laýyklykda göreşmek boýunça örän möhüm soraglaryň üstünde durlup geçildi.
Bilermenler regeneratiw oba hojalygynda meseläni çözüp biljekdigine ynanýarlar. Onuň esasy aýratynlygy ekoulgamlaryň deňagramlylygy dikeltmek ukybydyr. Bu ýerde, adaty oba hojalygyndan tapawutlylykda, biosenozlaryň (belli bir ekologiki ýerleri eýeleýän görnüşleriň gatnaşygy) bitewiligini saklamak möhümdir.
Mysal üçin, bir ýerde otlaýan toýnakly haýwanlar topragy basgylaýarlar, şonuň netijesinde toprak “ýanýar” we uzak wagtlap dikeldilmegini talap edýär. Bu ýerdäki ösümlikler az mukdarda peýdaly maddalara eýedir – aminokislotalar, kaliý, marganes we beýlekiler, ýagny haýwanlaryň özleri ýeterlik derejede kabul etmeýär we onuň netijesinde az öndürijilikli bolýar. Şonuň üçin alymlar mallary aýlawly bakmak üçin teklipleri taýýarlap başlaýarlar – bu öri meýdanlaryndaky şertleri tebigatda bar bolan tebigy şertlere mümkin boldugyça ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Ekoulgamy halas etmegiň ýene bir usuly – oba hojalyk ekinlerini dogry saýlamakdyr. Bilermenleriň sözlerine görä, regeneratiw ekerançylygy üçin görnüşleri saýlanda hünärmenler iki görkezijä – zyňyndy, ýagny toprakdan çykýan kömürturşy gazynyň mukdary we sekwestrasiýa üns berýärler. Bu gazyň ösümlikler tarapyndan siňdirilmegidir. Iň gowusy, ösümlikler goýberilen CO2-leriň hemmesini hökmany “ulanmaly”.
Bu ugur näme, ol biziň ýurdumyzda nähili ösýär we onuň öňe gitmegi üçin alymlaryň teklip etýän çözgütleri 21-nji fewralda “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräni Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Beýik Britaniýanyň ilçihanasy gurnady.
Beýik Britaniýanyň ilçisi Stiwen Konlon, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekili we FAO-nyň ýer we suw serişdeleri boýunça uly hünärmeni, Ählumumy toprak hyzmatdaşlygynyň (GSP) sekretary Torunn Wolfram Petursdottir giriş sözi bilen çykyş etdiler.
Gatnaşanlara ýaş britan daýhanlarynyň topragy dikeltmek, adamyň saglygyny we biodürlüligini goramak üçin regeneratiw ekerançylyk usullaryny ulanyşy barada gürrüň berýän “Alty dýumlyk toprak” atly dokumental film görkezildi. Filmde senagat oba hojalygy bilen baglanyşykly topragyň ýaramazlaşmagy we howanyň üýtgemegi ýaly meseleler gozgalýar.
Tanyşdyryş we bölümçelerdäki çekişmeleriň dowamynda bilermenler aşakdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar:
Regeneratiw oba hojalygy näme? Näme üçin ol möhüm we onuň daýhanlar, ykdysadyýet we Türkmenistanyň halky üçin nähili peýdalary bar? Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän oba hojalygyna geçmekde nähili päsgelçilikler/meseleler bar we olary ýeňip geçmegiň mümkin bolan ýollary haýsylar? Türkmenistanda toprak-howa şertleri we oba hojalygynyň ykdysadyýeti bilen baglanyşykly haýsy esasy meseleler regeneratiw oba hojalygynda çözülip bilner? Daşky gurşawa nähili täsir edýär – tebigata, biodürlülige, derýalara we ş.m. Azyk üpjünçiligi zynjyrlary – Merkezi Aziýada ýerli, milli, sebitleýin? Ýerli meseleler, mysal üçin gurakçylyk, topragyň ýaramazlaşmagy we şorlaşmagy, suw ýetmezçiligi we beýlekiler. Howanyň üýtgemegi – täze hakykata uýgunlaşmak? Toprak näçe kömürturşy gazyny özüne siňdirip biler? Biz syýasatçylar, daýhanlar we aýratyn şahs hökmünde nämeler edip bileris?
Ýork uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) “FixOurFood” atly ylmy-barlag maksatnamasynyň direktory, professor Bob Doerti duşuşykda Beýik Britaniýanyň azyk ulgamyndaky üýtgeşmeleriň mysalynda regeneratiw oba hojalygy boýunça terjibesini paýlaşdy.
FAO-nyň “Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Türkiýede gurakçylyk we şorlaşma sezewar bolan oba hojalyk ekin meýdanlarynda tebigy serişdeleri toplumlaýyn dolandyrmak” (CACILM-2) atly taslamasynyň milli dolandyryjysy Rahmanberdi Hanekow FAO-nyň Türkmenistanda topragy dikeltmek, agroekologiýa we ýer serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça strategiki işleri barada gürrüňberdi.
Harper Adams uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) Ylmy esasly oba hojalygy merkeziniň direktory professor Nikola Rendall we Harper Adams uniwersitetiniň toprak ekologiýasy boýunça professory Doktor Saýmon Jefferi (onlaýn) regeneratiw oba hojalygynyň artykmaçlygy we kemçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
Ýork uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa), Ýork institutnyň ekologiýa durnuklylygy (YESI) boýunça direktory professor Lindsi Stringer wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Afrika we Günorta Amerika ýurtlarynda daýhanlaryň howa şertlerine uýgunlaşdyrylan dikeldiş oba hojalygy usullaryny giňeltmek we ornaşdyrmak tejribesi barada gürrüň berdi.
Beýik Britaniýanyň Harper Adams uniwersitetiniň toprak we suw serişdelerini dolandyrmak boýunça uly mugallymy, doktor Lýusi Krokford hem arassa suw üçin tebigy işler barada söhbet etmek üçin maslahata sanly ulgam arkaly goşuldy.
Maslahata gatnaşyjylar topragyň zaýalanmagy, howanyň üýtgemegi we suw serişdeleriniň ýetmezçiligi meselelerini çözmek üçin durnukly oba hojalyk usullaryna geçmegiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdylar. Çekişmelerden soňra açyk pikir alyşmalar we sorag-jogap sessiýasy geçirildi.
ORIENT news