Iň täze habarlar

Ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlary 2027-nji ýylda geçiriler

13.02.2025 | 16:35 |
 Ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlary 2027-nji ýylda geçiriler

Ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlary 2027-nji ýylda Saud Arabystanyň Er-Riýad şäherinde geçiriler. Bu waka halkara giňişliginde kiber sportuň ösdürilmeginde möhüm ädim bolar.

Ilkibaşda, ýaryşlary 2025-nji ýylda geçirmek meýilleşdirildi, emma logistika meseleleri sebäpli geçiriljek senäni yza süýşürmeli boldy. Bu baradaky karar 2024-nji ýylyň iýunynda geçirilen Halkara olimpiýa komitetiniň (HOK) 142-nji sessiýasynda kabul edildi.

Er-Riýad şäherinde Tomas Bahyň we Saud Arabystanyň sport ministri şazada Abdulaziz bin Türki Al Feýsalyň arasynda geçirilen duşuşyk Oýunlary geçirmegiň täze strategiýasynyň kesgitlenilmeginde möhüm orun tutdy. Alty adamdan ybarat komitet döredilip, ol Oýunlarda hödürlenjek görnüşleri kesgitlär.

Oýunlaryň guramaçylygynda Halkara olimpiýa komiteti Saud Arabystanyň Olimpiýa we Paralimpiýa komiteti hem-de Kibersport boýunça dünýä kubogy gaznasy bilen hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu hyzmatdaşlyk kibersportuň we adaty sport görnüşleriniň arasyndaky boşlugy azaltmaga, şeýle hem öz ýurtlaryna wekilçilik edýän oýunçylar we toparlar üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

Şazada Abdulaziz bin Türki Al Feýsal Saud Arabystanda kibersporta bolan gyzyklanmanyň artýandygyny hem-de ýurduň 2030-njy ýyla çenli oýunlar senagatynyň dünýä merkezine öwrülmek isleýändigini belledi.

ORIENT news

Foto: enewsmd.online

Şeýle hem okaň: