Iň täze habarlar

20 minudyň içinde uly ýeňiş: Türkmen hokkeýçileri Harbindäki Aziýa oýunlarynda rekord goýdular

07.02.2025 | 12:45 |
 20 minudyň içinde uly ýeňiş: Türkmen hokkeýçileri Harbindäki Aziýa oýunlarynda rekord goýdular

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndy topary Makao toparyny 26:0 hasabynda ýeňip, Aziýa oýunlaryndaky çykyşlaryny uly ýeňiş bilen başladylar. Üçünji döwür has täsirli boldy. Onda türkmen türgenleri 15 şaýbany salmagy başardylar – bu hem ýaryşyň häzirki wagtyndaky iň gowy netijesidir.

Fergana.news saýtynyň habar bermegine görä, duşuşyk türkmen hokkeýçileriň doly gözegçilikleriniň astynda geçdi. Eýýäm birinji döwürde olar 6:0 hasabynda öňe geçdiler, ikinji döwürde garşydaşynyň derwezesine ýene-de bäş şaýbany salyp, jemleýji 20 minutlykda olar hakyky şowhunly tomaşany görkezip, 15 gezek tapawulanyp bildiler.

Duşuşygyň iň netijeli oýunçysy Baýmyrat Baýmyradow boldy – onuň hasabynda 5 şaýba hem-de 4 sany netijeli geçiriş bar.

Türkmenistanyň çykyş edýän B toparynyň beýleki ýaryşlarynda ozal Gonkong Makaony 26:1 hem-de Hindistany 30:0 hasabynda derbi-dagyn etdiler, Gazagystan we Gyrgyzystan bolsa ynamly ýeňiş gazandylar: olaryň birinjisi Hytaýy 6:1 hasabynda, ikinjisi bolsa Bahreýni 29:0 hasabynda ýeňmegi başardylar.

ORIENT News

Foto: qazsporttv.kz

Şeýle hem okaň: