Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi 20 ýyllygyny belleýär
07.02.2025 | 10:50 |Şu ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Şekillendiriş muzeýi 20 ýyllyk ýubileýini belleýär. Bu sene mynasybetli ýubileý sergisi meýilleşdirilip, onda muzeýiň kolleksiýasynyň iň gowy eserleri hem-de häzirki zaman suratkeşleriň işleri görkeziler.
Şeýle-de, muzeýiň taryhy, onuň ýygyndylary we türkmen sungatynyň meşhur ussatlary barada beýan edýän ýörite albom neşir ediler. Iki onýyllygyň içinde Şekillendiriş sungaty muzeýi ýurduň möhüm medeni merkezine öwrülip, onda gadymy siwilizasiýalaryň döreden eserleri, türkmen nusgawy suratkeşleriň eserleri we häzirki zaman ussatlaryň işleri saklanylýar.
Muzeý halkara sergilere we medeni alyş-çalyşyga işjeň gatnaşyp, türkmen sungatyny halkara arenada görkezýär. Şu günki gün muzeý diňe bir medeni mirasy gorap saklaman, eýsem häzirki zaman tehnologiýalary hem ornaşdyrýar – myhmanlar üçin wirtual-syýahatlar we onlaýn-kolleksiýalar hödürlenilýär. Mundan başga-da, bu ýerde yzygiderli sergiler, ussatlyk sapaklar, malsahatlar we ekskursiýalar geçirilýär. Munuň özi sungat babatda bu Muzeýi esasy bilim merkezine öwürýär diýip, «Нейтральный Туркменистан» habar berýär.
ORIENT News