Çarwadarlar Olimpiadasy: BMG Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň ähmiýetini belleýär
03.02.2025 | 22:25 |BMG-nyň Baş Assambleýasynyň resmi resminamasy hökmünde Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň Bäşinjisiniň netijeleri BMG-nyň ştab-kwartirasy tarapyndan ýaýradyldy.
BMG-nyň Baş sekretaryna iberilen bu resminama, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Wengriýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hemişelik wekilleriniň bilelikdäki haty görnüşinde taýýarlanyldy. Ol BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň gün tertibiniň 12-nji bölümi – «Sport – durnukly ösüş we parahatçylyk üçin» çäginde BMG-nyň alty resmi dilinde neşir edildi.
2024-nji ýylyň 8-13-nji sentýabry aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda, ÝUNESKO-nyň howandarlygynda geçirilen Bäşinji Bütindünýä çarwadarlar oýunlary milli sport görnüşleri boýunça dünýäde iň uly ýaryş boldy. Bu oýunlara 89 ýurtdan 2500-den gowrak türgen gatnaşyp, dostluk we hormat ruhunda tomaşaçylar bilen bilelikde baýramçylyk gurşawyny döretdi. Şol bir wagtyň özünde, bu bäsleşikler bütin dünýä jemgyýetçiliginiň meseleleriniň çözgüdinde halkara hyzmatdaşlygynyň kuwwatyny aýdyň görkezdi.
Oýunlaryň maksatnamasy, Merkezi Aziýanyň we beýleki sebitleriň kökleri gadymy döwürlere uzap gidýän göçme medeniýetleriniň baý we özboluşly mirasyny şöhratlandyrýan 21 görnüşdäki sport ýaryşlaryny öz içine aldy. Bu oýunlar dürli etniki we medeni toparlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, parahatçylygyň, durnuklylygyň we agzybirligiň ähmiýetini nygtaýar.
Şeýle hem, çarwadarlar oýunlary dünýäniň çar künjegindäki ýerli halklar üçin uly ähmiýete eýedir. Olar halklaryň asylly däp-dessurlaryny we medeni özboluşlylygyny gorap saklamak hem-de wagyz etmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Bu çäre ýerli jemgyýetleriň medeni durnuklylygyny berkitmäge we olaryň dili hem-de medeni mirasy bilen bagly kynçylyklara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge ýardam edýär. Şeýle Oýunlar medeni köpdürlüligiň saklanyp galmagyna we ýerli halklaryň medeni özboluşlylygynyň goralmagyna ýardam edýär. edýändigini görkezýär.
BMG-nyň bu resminamasynda Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň halkara hyzmatdaşlygyny, medeni köpdürlüligi we durnukly ösüşi ilerletmekdäki ähmiýeti bellenilýär. Gurama bu oýunlaryň medeniýetara gepleşikleri güýçlendirmek we maddy däl medeni mirasy gorap saklamak bilen bagly goşandyny ykrar edip, olaryň BMG-nyň maksatlaryna ýetmekdäki ornuny nygtaýar.
Şeýlelikde, bu oýunlar sport we medeniýetiň bütin adamzat üçin jebisleşdiriji güýç bolup biljekdigini, şeýle hem BMG-nyň inklýuziw we sazlaşykly dünýä gurmak baradaky tagallalary bilen utgaşýandygyny görkezýär.
ORIENT