Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi «Dutaryň owazlary» festiwalynyň guramaçylyk komiteti bilen iş duşuşygyny geçirdi
03.02.2025 | 15:25 |3-nji fewralda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Moskwanyň halkara sungat festiwaly «Dutaryň owazlary» guramaçylyk komitetiniň wekilleri bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistandan gelen ýerine ýetirijileriň we RF-da bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri gurnamak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Esen Muhammedowiç, Türkmenistanyň başlangyjy bilen halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylan we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigine aýratyn üns çekdi. 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy bu başlangyjy goldap, 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edýän kararnamany biragyzdan kabul etdi. Bu resminamanyň awtorlary hökmünde 86 döwlet çykyş etdi.
Şu günki duşuşyk IX Moskwa halkara sungat festiwalynyň — «Dutaryň owazlary» guramaçylyk komitetiniň işine badalga berýär. Bu festiwal Beýik Watançylyk urşunda hazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanýar.Festiwalyň çäginde guralýan çäreleriň her biri her bir gatnaşyjy üçin täsirli we manysy uly bolmalydyr. Olar diňe bir ata-babalarymyzyň gahrymançylygyny ýatlatmak bilen çäklenmän, eýsem bu baýram bilen ruhy baglanyşyk duýmaga kömek etmelidir.
Festiwalyň esasy çäreleri Türkmenistandan we Russiýadan sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek bilelikdäki konsertleri, «Uruş keşbi sungatyň aýnasynda» atly ylmy maslahaty, sergileri, çeperçilik bäsleşiklerini öz içine alýar. Bu çäreler Moskwa konserwatoriýasynda, Russiýanyň Çeperçilik akademiýasy we Gündogar edebiýaty merkezinde guralar. Mundan başga-da, aýdym-saz ýerine ýetirijileri, kompozitorlar we edebiýatçylaryň gatnaşmagynda döredijilik bäsleşikleri geçiriler.
Bu bäsleşikleriň netijesi boýunça «Sazly-çeperçilik ýygyndysynyň» neşir edilmegi meýilleşdirilýär. Her ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda geçirilýän saz bäsleşikleri Russiýada hem-de Türkmenistanda ýylsaýyn uly meşhurlyga eýe bolýar. «Dutaryň owazlary» festiwalynyň sungat ýolbaşçysy, kompozitor Mamet Guseýnow eminler toparynyň düzümine däp bolşy ýaly, rus hem-de görnükli türkmen aýdym-saz ussatlarynyň we mugallymlarynyň girýändigini belläp geçdi.
«Dutaryň owazlary» festiwalynyň guramaçylyk komitetiniň we Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň bu iş duşuşygy geljekki möhüm medeni çärä taýýarlykda möhüm tapgyr boldy. Taraplar hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we festiwalyň maksatnamasyny baýlaşdyrmak bilen baglanyşykly teklipleri hem-de pikirleri alyşdylar. Bu hyzmatdaşlyk, medeni we diplomatik ugurda alnyp barylýan işleriň iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.
Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar IX «Dutaryň owazlary» festiwalynyň diňe bir saz baýramçylygy bolman, eýsem, halklaryň dostluk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna itergi berjek giň medeni gepleşik meýdançasyna öwrüljekdigine ynam bildirdiler. Şeýle çärelere aýratyn ähmiýet berlip, olary geçirmek arkaly milli mirasy gorap saklamak we täze nesiller üçin wagyz etmek maksady goýulýar.
«Dutaryň owazlary» festiwaly – milli medeni däpleri ösdürmek we zehinli ýaşlary goldamak üçin möhüm ähmiýete eýe bolan çäredir.
Festiwalyň özboluşlylygy – onuň halklaryň medeniýetara täsirini janlandyrmak we etnomedeniýet däplerden ugur alýan akademiki saz sungatyny ösdürmek maksadyna esaslanmagyndadyr.
Festiwalyň esasy wezipesi – halklaryň medeni täsirleşmesini täzeden janlandyrmak we jemgyýetde agzybirligi pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Festiwalyň maksady gatnaşyjylaryň dürli medeniýetlere bolan gyzyklanmalaryny ösdürmekdir.
Şu wagta çenli geçirilen sekiz festiwala dünýäniň dürli ýurtlaryndan 1000-den gowrak sazandalar, horeografiýa we hor toparlary gatnaşdy. Olaryň arasynda Ermenistan, Azerbaýjan, Gwatemala, Germaniýa, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Sloweniýa, ABŞ, Türkmenistan, Türkiýe, Özbegistan, Fransiýa, Günorta Koreýa, Ýaponiýa we beýleki döwletler bar.
«Dutaryň owazlary» halkara festiwaly Russiýa bilen GDA ýurtlarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we ruhy ýakynlygy pugtalandyrýan medeni köpri bolup, özara düşünişmäge we medeni alyşmalara uly goşant goşýar.
ORIENT