Gruziýada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly badalga aldy
25.01.2025 | 13:40 |2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Gruziýanyň Ýazyjylarynyň döredijilik birleşigi bilen bilelikde Türkmenistanda 2025-nji ýylyň şygaryna we bu ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan medeni çäre geçirdi.
Oňa Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasary Nino Silosani, Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti, akademik Roin Metreweli, ýurduň Daşary işler we beýleki ministrlikleriniň, degişli edaralarynyň ýolbaşçylary, belli ýazyjy-şahyrlar, kompozitorlar, suratkeşler, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralarynyň, ylmy intelligensiýasynyň, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäre sylaglamak dabarasy bilen açyldy. Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň başlygy, Şota Rustaweli adyndaky baýragyň eýesi Makwala Gonaşwilä Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny gowşurdy. Ol bu sylaga beýik akyldar, Gündogaryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly döredijilik mirasyny wagyz etmäge goşan goşandy üçin mynasyp boldy. Pursatdan peýdalanyp, ilçi hanym M.Gonaşwilä hem-de dostlukly ýurduň Ýazyjylarynyň döredijilik birleşigine Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmäge goşýan ägirt uly goşandy üçin hoşallyk bildirdi.
Soňra döredijilik agşamy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy bilen dowam etdi.
Türkmen diplomaty öz çykyşynda giň okyjylar köpçüligine niýetlenen eserde beýik söz ussadynyň edebi mirasy, onuň dünýä medeniýetine goşan uly goşandy, şahyryň ýubileýi mynasybetli geçirilen çäreler, şeýle-de Türkmenistanyň dürli ugurlarda ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri barada söz açylýandygyny nygtady.
Şunda 2025-nji ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine, bu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigine aýratyn üns çekildi. Ilçiniň belleýşi ýaly, şu möhüm wakalar mynasybetli Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda iri çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmen Bitaraplygy sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy goldamagyň, ynanyşykly döwletara gatnaşyklaryň, netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp şerti bolup durýar.
M.Gonaşwili hem ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, öz zähmetine berlen ýokary baha üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi. Ol bu sylagyň gowşurylmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, mundan beýläk-de iki ýurduň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga işjeň ýardam berjekdigine ynandyrdy. Şeýle-de M.Gonaşwili bu sylagy tutuş gruzin halkyna berlen serpaý, türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň özboluşly häsiýete eýediginiň aýdyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýratyn nygtady.
Öz gezeginde, Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasary Nino Silosani halkara hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi berkitmek arkaly ýurtlaryň arasynda netijeli dialogy goldamagyň möhüm gurallarynyň biri hökmünde parlamentara hyzmatdaşlygyň wajyplygyna ünsi çekdi. Şonuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn gün tertibinde medeni-ynsanperwer ulgamyň hem aýratyn orun tutýandygy bellenildi. Ol türkmen halkyny hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen syýasatyna we başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Çäräniň dowamynda çykyş eden Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti Roin Metreweli M.Gonaşwilini mynasyp bolan ýokary sylagy bilen gutlady. Ol Türkmenistanyň dostlukly döwletdäki ilçihanasyna, şu dabarany gurandygy üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda medeni we ylmy intelligensiýanyň tutýan ornuna ünsi çekdi.
Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy Giorgi Gabuniýa hem medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynyň häzirki zaman türkmen-gruzin döwletara dialogynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi iki döwletiň medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, sungatyny wagyz etmäge, şeýle-de halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi berkitmäge ýardam eder.
Akademik Waleriý Asatianiniň çykyşynda-da medeni alyşmalaryň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga möhüm we oňyn goşant goşýandygy nygtaldy. Şeýle-de ol Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň türkmen halkynyň beýik oglunyň gymmatly döredijilik mirasyna düşünmegiň açaryna öwrülip, ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler hanym M.Gonaşwili berlen sylag üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ähli gruzin halkynyň adyndan ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdiler. Olar türkmen halkyny ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, şeýle-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekde, ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini bellediler.
Çäräniň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň, türkmen halkynyň taryhy, baý medeni-ruhy mirasy bilen tanyşdyrýan amaly-haşam sungaty eserleriniň hem-de fotosuratlaryň sergisi guraldy.
Gruzin artistleriniň ýerine ýetiren halk aýdymlary hem döredijilik agşamyna özboluşly bezeg berdi. Dabaraly çäräniň ahyrynda myhmanlara dürli tagamlar, şol sanda türkmen naharlary hödür edildi.
ORIENT news