Iň täze habarlar

Merkezi Aziýa ykdysady ösüşiň täsirli depginini görkezýär

20.01.2025 | 15:34 |
 Merkezi Aziýa ykdysady ösüşiň täsirli depginini görkezýär

Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti Ýewraziýanyň ýüreginde maýa goýum mümkinçiliklerini açyp, dünýäden 40% çalt ösýär diýip, Ýewraziýa ösüş bankynyň metbugat gullugy habar berýär.

Ýewraziýa ösüş bankynyň dolandyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary we baş ykdysatçysy Ýewgeniý Winokurow 2022-2024-nji ýyllarda Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti ýylda ortaça 4,7% ösdi diýip, belleýär. “Bu tutuş dünýäden 40% has çalt”. ÝÖB-nyň hasaplamalaryna görä, 2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň jemi içerki önümi takmynan $520 milliard deň boldy we şeýlelik bilen ýarym trilliondan geçdi.

“Soňky iki ýyl biziň ynamymyzy tassyklaýar. Merkezi Aziýa – bu ösýän sebit bolup, ählumumy çagyryşlar şertinde diňe bir durnuklylygy saklaman, eýsem ösüp barýan bazarlaryň köpüsinden öňe geçip, täsirli ösüş depginlerini görkezýär” – diýip, habarda bellenilýär.

ORIENT

Foto: e-cis.info

Şeýle hem okaň: