Sekuntda alty gezekden köp towusmak: DÜNÝÄ REKORDY
20.01.2025 | 15:27 |Hytaýyň Çanszi uniwersitetiniň 23 ýaşly talyby 1 minutda ýüpde towusmak boýunça dünýä rekordyny täzeledi diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Ol muny 388 gezek etdi, bu sekuntda 6 gezekden köpräk towsandygyny aňladýar.
“Haçan-da gutaranymdan soň, meniň aýaklarym titredi we aňym öçdi” – diýip, rekordyň eýesi Alapati Ýimaner aýtdy.
2024-nji ýylyň oktýabr aýynda bu ýaş ýigit Ýüpde towusmak boýunça Hytaýyň açyk çempionatynda erkekleriň arasynda üç minutlap ýüpde towsup titula eýe boldy. Bu üstünlik ony ruhlandyrdy we Ginnesiň rekordlar kitabynda ýazylan dünýä rekordyny täzelemegi ýüregine düwdi. Ýöne ol aňsat bolmady.
ORIENT