Iň täze habarlar

Mercedes-AMG-niň ýolbaşçysy V8-den ýüz öwürmegiň müşderileriň müşderi ýitgisine sebäp bolanlygyny boýun aldy

20.01.2025 | 12:15 |
 Mercedes-AMG-niň ýolbaşçysy V8-den ýüz öwürmegiň müşderileriň müşderi ýitgisine sebäp bolanlygyny boýun aldy

Mercedes-AMG-niň ýolbaşçysy Mihaýel Şibe V8 hereketlendirijisinden ýüz öwürmegiň käbir müşderileriň ýitirilmegine sebäp bolandygyny boýun aldy. Car žurnaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Mihaýel Şibe “turbo dört silindrli” zarýad berilýän gibrid ulgama geçmegiň ähli müşderiler tarapyndan kabul edilmändigini aýtdy. «Elbetde, biz V8 hereketlendirijisine höwes edýän käbir müşderilerimizi ýitirdik»- diýip, Mercedes-AMG-niň ýolbaşçysy aýtdy. Şeýle-de bolsa, Şibe häzirki AMG C 63-de ulanylan güýjüň hemme babatda dogry karar bolandygyny nygtady.

Şibe bu modeli “Formula-1 tehnologiýasy bilen iň täze innowasiýalaryň utgaşmasy”- diýip häsiýetlendirdi. Supergibridiň pes satuwy baradaky soraga Şibe şeýle düşündiriş berdi: onuň pikiriçe, Mercedes-AMG bu tehnologiýany söwdagärlere we müşderilere dogry düşündirip bilmän, ilkinji oňyn täsir galdyrmak mümkinçiligini elden gidirdi.

20012025_Мерседес2.jpg

Geljegiň strategiýasy hökmünde Mercedes-AMG dürli görnüşli hereketlendirijileri hödürlär: arassa içgin hereketlendiriji (IHH), gibrid we elektro awtoulaglar. Şeýle-de bolsa, Mihaýel Şibe, IHH hereketlendirijilerden doly el çekmegiň geljegine ynanýar. Onuň pikiriçe, elektrik energiýasyna geçmek depginini peseltmek gerek däl we ýokary öndürijilikli awtoulaglarda geljekde benzin hereketlendirijiler bolmaz.

20012025_Мерседес3.jpg

«Täze tehnologiýa biziň üçin köp mümkinçilikleri açýar. Häzirki içgin hereketlendirijiler bilen mümkin bolmadyk köp zatlary ýerine ýetirmek bolýar» - diýip, Mercedes-AMG-niň ýolbaşçysy aýtdy. Üç aý mundan ozal bolsa, Mihaýel Şibe V8-iň elektrik ulgamy bilen çalşyrylmagyny müşderiler asla duýmaz diýipdi.

ORIENT

Foto: speedme.ru

Şeýle hem okaň: