TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “B” kysymly karbamid, “TPP D 30 S” kysymly polipropilen we ýerzemin sütügi satyn alyndy
17.01.2025 | 09:00 |16-njy ýanwarda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.
Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni bilen “B” kysymly karbamidy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Dokma senagaty ministrliginden olar ýerzemin sütügini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 1 075 000 manada we 889 500 ABŞ dollaryna barabar bolan 4 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news