Iň täze habarlar

BAE-niň häkimiýeti ýurda aňsatlaşdyrylan giriş barada gürrüň berdi: türkmen syýahatçylary üçin peýdaly maslahat

17.01.2025 | 14:48 |
 BAE-niň häkimiýeti ýurda aňsatlaşdyrylan giriş barada gürrüň berdi: türkmen syýahatçylary üçin peýdaly maslahat

Birleşen Arap Emirlikleriň (BAE) häkimiýeti ýurda girişi ep-esli derejede aňsatlaşdyrýan “UAE Fast Track” ykjam gollanmasyndan syýahatçylara peýdalanmaklaryny teklip etdiler. Şahsyýetiň, raýatlygyň identifikasiýasy, gümrük we portlaryň howpsuzlygy boýunça Federal müdirliginiň (ICP) belleýşi ýaly, bu gollanma birnäçe sekundyň içinde hasaba alnyş nokatlarynda durmaksyz ähli amallary geçmäge mümkinçilik berýär.

Gollanmany App Store we Google Play-den ýükläp alyp bolýar. Ony ulanmak üçin öňünden syýahat barada maglumatlary girizmeli, giriş ugruny saýlamaly (deňiz, howa ýa-da ýer porty) hem-de gelinýän senesini görkezmeli. Soňra smartfonyň kamerasy bilen pasporty skanerden geçirip, ýüzüň suratyny hem-de barmak yzlaryny düşürmeli. Ondan soň ulanyjy hasaba alnyşy tamamlap, habarlaşmak üçin hem-de beýleki zerur maglumatlary girizýär.

“UAE Fast Track” girişde ähli amallary geçmekde sarp edilýän wagty azaltmak maksady bilen syýahatçylaryň ýeňillikleri üçin döredildi. BAE barmak isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin gollanma syýahaty rahat we guramaçylykly ýagdaýda geçirmäge mümkinçilik berýän peýdaly gurala öwürip bilýär.

ORIENT news

Foto: content.presspage.com

Şeýle hem okaň: