Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

2025-nji ýylda açyk äleme ilkinji çykyş amala aşyryldy

17.01.2025|11:00|
867
2025-nji-yylda-acyk-aleme-ilkinji-cykys-amala-asyryldy
Surat çeşmesi: ixbt.com

16-njy ýanwarda ABŞ-nyñ gündogar wagty boýunça sagat 8:01-de 2025-nji ýylda açyk äleme ilkinji çykyş amala aşyryldy.

NASA astronawtlary Nik Heýg we Sunita Uilýams giñişlikde stansiýanyñ ýeri anyklamak usulyna gözegçiligini üpjün edýän giroskopiki blogy çalyşmak boýunça işleri ýerine ýetirdiler.

Şeýle-de olar NICER (Neutron star Interior Composition Explorer) rentgen teleskopynyñ yşyk filtrleriniñ bozulan böleklerine gorag enjamlaryny goýdular, şeýle hem halkara sepleşiji adapterleriñ birinde nawigasiýa maglumatlary üçin ulanylýan serpikdirýän enjamy çalyşdylar.

Mundan başga-da, hünärmenler barmak mümkinçiligi zolaklaryny hem-de birleşdiriji gurallaryñ barlaglaryny geçirdiler. Olar geljekde magnit alfa-spektrometriñ (Alpha Magnetic Spectrometer) tehniki üpjünçiliginde ulanylar.

ORIENT news